Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kolumbiýadaky amerikan ilçihanasynyň daşynda bomba partlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Amerikalar sammitine gatnaşmak üçin Kolumbiýa baran güni paýtagt Bogotodaky amerikan ilçihanasynyň daş işiginde kiçiräk partlaýjyly bomba ýaryldy.

Sammitiň geçjek ýeri bolan Kartagenanyň golaýyndaky awtobus stansiýasynda hem iki bomba partlady.

Polisiýa anna güni bolan partlamalaryň hiç biriniň zyýan ýetirmändigini aýtdy.

Şu aralykda, prezident Obamanyň Kolumbiýa barmazynyň öň ýanynda ABŞ-nyň gizlin gulluk agentleriniň 12-si özüni ýaramaz alyp baranlygy üçin işden boşadyldy.

Ýekşenbe güni geçjek sammite 30-dan gowrak prezident gatnaşmaly.
XS
SM
MD
LG