Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri köpçüligiň öňünde ilkinji gezek çykyş etdi


Demirgazyk Koreýanyň täze lideri Kim Ýoň Un ýekşenbe güni köpçüligiň öňünde ilkinji çykyşyny etdi diýip, Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Demirgazyk Koreýa döwletiniň düýbüni tutan we Kim Ýoň Unuň atasy Kim Il Suňyň doglan gününiň 100 ýyllyk dabarasyna ýygnanyşan uly märekäniň öňünde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň täze lideri “Beýik ýoldaş Kim Il Suňa we Kim Ýoň Ile çyn hormat we uly sylag” edýändigini aýtdy.

Kim Ýoň Un “rewolýusion harby güýçlerini esaslandyran we guran şahsyýetler hökmünde” kakasy we atasy barada öwgüli sözler aýtdy.
XS
SM
MD
LG