Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýada Breýwigiň üstünden sud diňlenişigi başlandy


Geçen ýyl Norwegiýada 77 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamasynyň we ýaragly gyrgynçylygyň jogapkärçiligini öz üstüne alan aşa milletçi Anders Breýwigiň üstünden duşenbe güni Osloda sud diňlenişigi başlandy.

Zala sudýalar girende bolsa, 33 ýaşly Breýwik ýerinden turmakdan ýüz öwürdi, şeýle-de ol suduň adalatlydygyny inkär etdi: “Men Norwegiýanyň sudlaryny ykrar edemok. Siz öz ygtyýarlyklaryňyzy milletçiligi kabul edýän syýasy partiýalardan aldyňyz”.

Breýwik terrorizmde we köpçülikleýein adam öldürmekde aýyplanýar. Ol Osloda amala aşyrylan bomba hüjümini gurnandygyny, şeýle-de çagalaryň tomus lagerinde ok atyp, hüjüm edendigini boýun aldy.
XS
SM
MD
LG