Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Buluçlaryň şu günki ýagdaýy


Türkmenistanly buluç zenanlary. Baýramaly, aprel, 2012.
Türkmenistanly buluç zenanlary. Baýramaly, aprel, 2012.
Türkmenistan köpmilletli ýurt. Şol milletlerden birem buluçlar. Dürli statistiki maglumatlara görä, Türkmenistandaky buluçlaryň sany 30-40 müň aralygynda diýlip hasaplanylýar. Olar, esasan, Mary welaýatynyň Baýramaly, Ýolöten, Garagum we Türkmengala etraplarynda ýaşaýarlar. Şu günki gün Türkmenistandaky buluçlaryň däplerininiň, medeniýetleriniň we hukuklarynyň goralyş ýagdaýy nähili? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy Baýramaly etrabynda ýaşaýan 45 ýaşly buluç aýaly Gülperi Abdylkerimowa bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gülperi, siziň çagalaryňyz mekdepde haýsy dilde okaýarlar?

Gülperi Abdylkerimowa: Mekdepler türkmen dilinde okadýar. Çagalar nirä barsa-da, türkmen dilini bilse oňat. Bärde buluç dilinem, rus dilinem okadýarlar. Iňlis dilem bar.

Azatlyk Radiosy: Buluç dilini okatmak üçin ýörite klaslar barmy?

Gülperi Abdylkerimowa: Ýörite klaslar ýok, ýöne okadylýan sapak bar. Biziň dilimizde okuw kitabam ýok. Ony ýöne öz buluç dili bilen öwredýärler. Ýokary bilim aljak bolup, Aşgabada gidip, Moskwa gidip okap gelýärler.

Buluçlaryň içinde gyzyl diplom alyp gelýänler-de bar. Doktor bolýan bar, inžener bolýanlary, başlyk bolýanlary bar. Mugallymlaram bar. Montýorçylyga-da gidýärler. Buluç oglanlardan mugallym bolup işleýänleri bar. Buluç gelinlerinden doktoram bar, mugallymam bar. Aşgabatda instituty okap gelenler bar. Buluç gelinlerden gyzyl diplom alyp gelenlerem bar.

Azatlyk Radiosy: Gyzlaryny okatman, öýünde saklaýan buluç maşgalalary gabat gelýärmi?

Gülperi Abdylkerimowa: Hawa, buluçlaryň içinde çagasyny okuwa goýbermeýänlerem bar. Köne däbi alyp barjak bolup, çagasyny goýbermän, öýünden çykarmaýanlaram bar. Häzir döwür üýtgedi. Indi gyzlaram işleýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriňki ýaly buluçlarda-da galyň salmak däbi barmy?

Gülperi Abdylkerimowa: Hawa, türkmenlerde bolşy ýaly, biziňkilerde-de galyň bar. Öň biz durmuşa çykan wagtymyzda altyn şaý-sep ýokdy, indi döwür ýütgäp, buluçlaram “altyn getir” diýýärler. Galyňa-da 25 millon manat töweregi pul geçirmeli. Bu bir. Soňam gyzyň eşiklerini alyp bermeli.

Azatlyk Radiosy: Buluç gyzlarynyň öz halaşýan ýigidi bilen öýden gaçyp, durmuş gurýan halatlary gabat gelýärmi?

Gülperi Abdylkerimowa: Buluç gyzlaryndanam halaşýanlary bilen gaçýanlary bar. Ýöne soň molla-zady getirýärler. Şonda gyzlar “şunça million getir, soň aragatnaşyk bolar. Eger getirmeseň, aragatnaşyk etjek däl” diýýärler. Onsoň şol talap edilýän zatlary getirip berýärler. Şeýdip, gyzlar öz halaýanyna barýarlar.

Azatlyk Radiosy: Buluçlar bilen türkmenleriň arasynda birek-birege gyz bermek, gyz almak ýaly ýagdaýlar nähili?

Gülperi Abdylkerimowa: Hawa, oglan bilen gyz biri-birini halasa, şonda oglanyň gyzy almaga haky bar. Ine, türkmen gyzlary buluja äre barýarlar, buluç gyzlary türkmen oglanlaryna barýar. Şeýle zatlaram ýüze çykýar. Buluçlaryň içinde-de, türkmenleriň içinde-de bar bu ýagdaý. Käbir erkekler buluç gelni bar bolsa-da, üstüne türkmen aýal alýarlar. Biziňkide türkmen alýarlar, orus alýarlar öýlenip, iki aýallylary-da bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaşaýan obaňyz buluç obasymy ýa türkmen obasy?

Gülperi Abdylkerimowa: Türkmenem bar, bulujam. Ýöne bu obada buluç kän. Buluçlar-a öz dilini alyp barýalar, türkmenlerem öz dilini. Ýöne türkmenlerem buluç dilini suw ýaly bilýärler. Buluçlaram türkmen dilinde gürleýärler. Iki milletiňem gatnaşygy oňat. Pata bolsa, toý bolsa iki milletem agzybir. Biri-biriniň oturyşygyna gatnaşýarlar. Iki milletem bir garyndaş ýaly.
XS
SM
MD
LG