Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidenti: Orsýet täjikleri sylamalydyr


Sişenbe güni Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Orsýetiň ýurt üçin ýeke-täk strategik hyzmatdaşydygyny aýtdy. Emma Emomali Rahmon Moskwanyň täjikleri “sylamalydygyny” hem belläp geçdi.

Rahmon sişenbe güni bu barada eden çykyşynda: “Beýleki döwletler biziň daglarymyzda harby bazalaryny gurmak üçin köp mukdarda pul hödürleýärler. Emma men olaryň teklipleriniň birine-de seredomok” diýdi.

Şeýle-de, prezident Rahmon häzir Täjigistanda Orsýetiň köpsanly harby güýçleriniň bardygyny belläp geçdi.

Täjik prezidenti “Orsýetiň hormat gazanmak üçin, täjikleri sylamalydygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG