Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Orsýetiň telewideniýe baradaky täze planyna oňyn baha berdi


Çarşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Orsýetiň täze jemgyýetçilik telewideniýesini açýandygy baradaky habara oňyn baha berdi.

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Orsýetiň bu beýanatyny “pozitiw ösüş” diýip atlandyrdy.

“Demokratiýany berkitmekde tomaşaçylara dürli pikirleri we obýektiw maglumatlary ýetirýän jemgyýetçilik telewideniýeleri möhüm orun eýeleýär” diýip, Miýatowiç belledi.

Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 1-nji ýanwardan başlap jemgyýetçilik telewideniýesini döretmeklige çagyrýan permana gol goýdy. Orsýetdäki oppozisiýa aktiwistleri şeýle kanalyň döredilmegine uzak wagtlap çagyryş edip gelipdiler.

Miýatowiç täze dörediljek kanalayň garaşsyz pikirler üçin möhümdigini belläp, “Orsýetiň halkyna niýetlenen häzirki zaman jemgyýetçilik telewideniýesini” açmakda Moskwa kömegini hödürledi.
XS
SM
MD
LG