Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Timoşenkonyň täze sud diňlenişigi geçirilýär


Ukrainanyň sudy azatlykdan mahrum edilen ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko garşy penşenbe güni täze sud diňlenişigine başlady.

Özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýän Timoşenko ýaramaz saglyk ýagdaýy sebäpli suda barmakdan boýun gaçyrdy. Onuň maşgalasy we adwokatlary birnäçe aý bäri Timoşenkonyň newrologik oňurga keselinden ejir çekýändigini aýdýarlar.

Häzirki sud prosesinde Ýuliýa Timoşenko 1990-njy ýyllarda Ukrainanyň esasy gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolup işlän döwründe salgytdan ýüz öwrenlikde we ogurlyk synanyşygynda aýyplanýar.

Penşenbe güni Ýuliýa Timoşenkonyň müňlerçe tarapdary we garşydaşy Harkow şäheriniň sudunyň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.

Mundan öň Ýuliýa Timoşenko öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG