Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident Rahmon ýyllyk çykyşynda regional howpsuzlyga ünsi çekdi


Täjigistanyň prezidenti Emamoly Rahmonyň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylda NATO-nyň güýçleriniň Owganystandan çykarylymagy regional howpsuzlyga täsir eder.

Rahmon öz ýurdunyň parlamentinde eden ýyllyk çykyşynda Owganystan bilen 1300 kilometrlik serhedi bolan Täjigistanyň bikanun owgan neşelerini Orsýete we Ýewropa gaçak ýollar arkaly aşyrmak üçin “bufer zonasy” hökmünde ulanylýandygyny belledi.

“NATO-nyň güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy biziň regiýonymyzdaky jogapkärçiligimizi iki esse artdyrar ” diýip prezident Rahmon nygtady.

NATO Owganystandaky güýçlerini 2014-nji ýylyň ahyryna çenli çykarmakçy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG