Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus Prawoslaw Kelisesi köpçülikleýin doga-dileg gününi geçirýär


Orsýet, Moskwa, Halas ediji Isa pygamberiň ybadathanasy, 22-nji aprel, 2012.
Orsýet, Moskwa, Halas ediji Isa pygamberiň ybadathanasy, 22-nji aprel, 2012.
Orsýetiň Prawoslaw Kelisesiniň liderleri ýurduň ähli keliselerine we prawoslaw hristianlaryna öz uýýan dinini goramak üçin ýekşenbe güni köpçülikleýin doga-deleg güni diýip atlandyrylan çärä gatnaşmaga çagyryş etdiler.

Kelisäniň aýtmagyna görä, bu çäräni geçirmeklige itergi beren zat prawoslaw düzgünine ters gelýän birnäçe hereketleriň ýüz bermegi bolupdyr. Olaryň arasynda 21-nji fewralda Pussy Riot aýdym-saz toparynyň Moskwadaky Halas ediji Isa pygamberiň ybadathanasynyň öňünde dawwaly aksiýasyny gurnamagy bolupdyr.

Şol gün bu topar ýurtda prezident saýlawlarynyň öň ýanynda Wladimir Putini Kelisäniň goldaýandygy barada aýdym aýtdy. Häzir huligançylykda aýyplanan bu toparyň agzalary sud diňlenişigine garaşýarlar.

Moskwa şäher administrasiýasynyň maglumatyna görä, Rus Prawoslaw Kelisesiniň başlygy Patriarh Kiriliň ýolbaşçylygynda on müňlerçe prawoslaw dininiň wekili Halas ediji Isa pygamberiň ybadathanasynyň öňünde daşarda geçirilýän köpçülikleýin doga-dileg çäresine gatnaşypdyr.

Patriarh ir ertir doga-dileg etmek bilen çäräni başlady. Kelisäniň dindarlary ikonalaryň we beýleki dini esbaplaryň Pussy Riot toparynyň we beýlekileriň Rus keliselerine eden hüjümlerinde “zaýalanandygyny” aýtdýarlar.

Doga-dileg çäreleri ýurduň beýleki regionlarynda hem geçirilýär.

Moskwada Kelisäniň käbir tarapdarlary şenbe güni ýygnanyşyp başladylar. Olaryň arasynda “Gijeki möjekler” atly motor sürüjileriň klubynyň agzalary hem bar.

Bu klubyň agzalarynyň biri Aleksandr Zaldostanow motor sürmek möwsüminiň başlanmagy bilen gabat gelýän prawoslaw kelisesiniň geçirýän çäresini öz toparynyň goldaýandygyny görkezmek üçin ýygnanyşandygyny aýtdy:

"Biz (motor sürmek möwsüminiň başlanmagy bilen) Rus Prawoslaw Kelisesini goldaýandygymyzy, oňa raýdaşlygymyzy bildirmek isleýäris. Biz kelisä garşy durýan aklyndan azaşanlar bilen däl-de, ýurdumyz we öz dinimiz bilen biledigimize ünsi çekmek isleýäris”.

Rus Prawoslaw Kelisesiniň sözçüsi, dindar Wsewolod Çaplin şenbe güni baýkerleriň we kelisäniň has adaty wekilleriniň arasynda boldy. Ol bu çäräniň Kelisäniň hatyrasy üçin ýylyň ýörite bellenen gününde ähli prowaslaw hristianlary bile üýşürmeklik üçin geçirilýändigini aýtdy:

"Biz bu ýere Kelisäni goldaýandygymyzy, Hristian ruhuna we Hudaýa ynanjymyzy aýdyň beýan etmek üçin ýygnandyk. Prawoslaw Hristianlary bolup Pasha günlerinde biledigimizi duýmak gaty möhümdir."

Moskwanyň häkimiýetleri düzgün-tertibi saklamak üçin Pussy Riot toparynyň tarapdarlarynyň aýratyn ýörüş geçirýän ýerinde müňlerçe polisiýa işgärini ýerleşdirmek barada görkezme berdiler.
XS
SM
MD
LG