Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransiýada prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirilýär


Fransiýada geçirilýän prezident saýlawlarynyň ilkinji gününde ses bermäge gelen adamlaryň sanynyň ýokarydygy habar berilýär.

Içeri Işler ministrliginiň maglumatyna görä, Fransiýanyň 44 million saýlawçysynyň dörtden bir bölegi günüň ikinji ýarymyna çenli ses beripdir.

10 kandidatyň gatnaşmagynda geçirilýän bu saýlawlarda häzirki prezident Nikolas Sarkoziniň birinji tapgyrdan soň maý aýynyň 6-da geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Sosialistlerden bolan kandidat Fransua Hollande bilen bäsleşmegine garaşylýar.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri ýerli wagt bilen sagat 18-de saýlaw uçastoklary ýapylanyndan soň yglan ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG