Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol- hereket howpsuzlygy wajyp tema öwrüldi


Aşgabadyň eteginde maşynlaryň signal bermeklerini gadagan edýan yol belgisi. Mart, 2012.
Aşgabadyň eteginde maşynlaryň signal bermeklerini gadagan edýan yol belgisi. Mart, 2012.
20-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Müllükow paýtagtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly geçirilýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Prezident G.Berdimuhamedow hem bu meselä ünsi çekip, ýol-transport hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ähli zerur işleriň geçirilmelidigini, hem sürüjiler, hem pyýadalar tarapyndan ýol düzgünleriniň berjaý edilişine kontrollygy güýçlendirmelidigini nygtady.

Bu meselä şu günki gün hökümet maslahatynda şeýle üns berilmegininiň sebäpleri baradaky garaýyşlar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýol-transport hadysalary baradaky meseläniň hökümet derejesinde goýulmagyna nähili esaslar, sebäpler bar?

Amanmyrat Bugaýew: Bu, umuman, gün tertibinde seredilmeli meseledi. Sebäbi Aşgabatda maşynlaryň sany mundan bäş-alty ýyl ozalkysyndanam iki-üç esse köpeldi. Onuňam sebäbi diňe bir Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň awtoulag serişdesi däl-de, eýsem, ýurduň beýleki etraplaryndan, welaýatlaryndan iş gözlegine gelýänleriň ýa-da taksiçi hökmünde gazanç etmäge gelýänleriň sanynyň göz-görtele köpelendigi bilen bagly.

A.Bugaýew: "Şäheriň birnäçe köçesi şol gurluşyklar bilen baglylykda ýa-ha doly ýapyldy ýa-da öňki ikitaraply köçe birtaraply gatnawly köçä öwrüldi".
A.Bugaýew: "Şäheriň birnäçe köçesi şol gurluşyklar bilen baglylykda ýa-ha doly ýapyldy ýa-da öňki ikitaraply köçe birtaraply gatnawly köçä öwrüldi".
Umuman, Aşgabat şäherinde bellemeli ýagdaý – soňky üç-dört ýyllykda bir topar köçeler giňeldildi, ýöne edil şol bir wagtda Aşgabat şäherinde uly gurluşyklar alnyp barylýar. Şäheriň birnäçe köçesi şol gurluşyklar bilen baglylykda ýa-ha doly ýapyldy ýa-da öňki ikitaraply köçe birtaraply gatnawly köçä öwrüldi.

Ýene-de bir faktor, toý-tomaşa gowy zat. Ýöne soňky döwür Aşgabatda gelnalyjy maşynlaryň sanyny köpeltmek boýunça adamlaryň arasynda bir gerekmejek ýaryş gidýär, bu gelnalyjy maşynlaram ne swetofory äsgerýär, ne-de pyýadany. Bular gözi ýok ýaly, aldygyndan gaza basýarlar, sürýärler, şu ýagdaýlara-da ýol gözegçilik gullugynyň inspektory biperwaý seredip durýar.

Azatlyk Radiosy: Elbetde, ýol-transport hadysalary dünýäniň islendik ýurdunda bolup durýar. Amerikada-da, Ýewropada-da, Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynda-da, Türkmenistanyň öz içinde-de bolýar. Eýsem, Türkmenistanyň habar serişdelerinde şeýle hadysalar barasynda maglumat berilýärmi ýa-da wakanyň bolan ýerinden reportažlar görkezilýärmi?

Amanmyrat Bugaýew: Ýok, ýok, beýle zat ýok. Ne metbugatda habar berilýär, ne-de beýleki habar beriş serişdelerinde.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat aga, soňky dört-bäş ýyllykda ulaglaryň sanynyň ýurtda, hususan-da, paýtagt Aşgabatda pylança esse köpelendigini aýtdyňyz. Şol köpeliş zawoddan täze gelen maşynlaryň hasabynamy ýa-da beýleki ýurtlardan köne maşynlaryň getirilmeginiň hasabyna?

Amanmyrat Bugaýew: Başga bir döwletde azyndan 10-15 ýyl ulanylan maşynlary häzir getirip satýarlar. Eýýäm özüniň ulanylmak möhleti geçen maşynlar, pesinden 25-30 ýyl sürlen maşynlar bar ýurduň içinde.

Azatlyk Radiosy: Şeýle köne maşynlaryň ýurda köp gelmegi ýol-transport hadysalaryna sebäp bolup bilýärmi?

Amanmyrat Bugaýew: Elbetde, sebäp bolup bilýär.Ýöne häzir köne maşynlary getirmek birneme azaldy. Ylaýta-da, ruly sag tarapyndaky maşynlaryň getirilmegine gadagançylyk girizilenden soňra şeýle boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu mesele barada ýakynda Türkmenistanyň parlamenti tarapyndan kanun kabul edildi, ine, indem hökümet derejesinde gürrüň edilýär. Indi şu ýol-hereket howpsuzlygy bilen bagly nähili özgerişlere garaşmak mümkin?

Amanmyrat Bugaýew: Aý, çakym çak bolsa, üýtgeşik bir zat bolmaz. “Ýolda şunuň ýaly heläkçilik ýüze çykdy. Şonuň-da sebäbi şu zatlar” diýlip, aç-açan gürrüň edilmese, heläkçiligem bolar, bu gürrüňiňem yzy gelmez.

Dogry, bizde kabul edilýän kanunlar halkara derejesine juda bap gelýän, nurana kanunlar. Olar niýet-päli ýagşy kanunlar.Ýöne şolar iş ýüzünde amala aşyrylanok. Şonuň bolmadyk ýerinde-de, kanun işlemez.
XS
SM
MD
LG