Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: internet henizem yzda süýrenýär


Aşgabatdaky az sanly internet kafelerinden biri. Fewral, 2012.
Aşgabatdaky az sanly internet kafelerinden biri. Fewral, 2012.
Ýakynda internet bilen bagly maglumatlary toplap, olary analiz edýän “Internet World Stats” atly internet saýty 2011-nji ýyl boýunça internetden peýdalanýanlaryň sany barada ýörite hasabat ýaýratdy.

Bu hasabatdan belli bolşuna görä, dünýä boýunça internet ulanyjylaryň sany barha ösýär. Mysal üçin, 2000-nji ýylda bütin dünýäde 361 milliona golaý adam internetden peýdalanan bolsa, 2012-nji ýylyň başynda bu san iki milliard 300 milliona golaý bolupdyr.

Bu hasabatdan çen tutulsa, Türkmenistanda hem internetiň hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlaryň sany barha artýar. Mysal üçin, 2000-nji ýylda internetden diňe 2 müň adam peýdalanan bolsa, häzir bu san 111 müňe golaý bolupdyr.
Bu Türkmenistanyň ilatynyň internete elýeterliligi nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar?

Sanlardan çen tutulsa...

Hasabatda berlen maglumatlara görä, Islandiýanyň, Norwegiýanyň hem Şwesiýanyň ilaty internetden iň köp peýdalanýanlar. Ýagny, Islandiýada ilatyň 97%-niň internetden peýdalanýandygy aýdylýar.

“Internet World Stats” saýtynyň hasabatynda Afrika hem käbir Aziýa ýurtlarynda internet hyzmatlarynyň ilata elýeterliliginiň pes derejede galýandygy aýdylýar. Mysal üçin, Mýanmarda internetden ilatyň diňe 0,2% -niň peýdalanýandygy aýdylýar.

Türkmen hakimiýetleri 2011-nji ýylyň sentýabrynda 1-nji klas okuwçylaryna noutbuk kompýuterini ulanmaga bermek barada karar çykardy.
Türkmen hakimiýetleri 2011-nji ýylyň sentýabrynda 1-nji klas okuwçylaryna noutbuk kompýuterini ulanmaga bermek barada karar çykardy.
Internetden az peýdalanýan ýurtlaryň hataryna Türkmenistan hem girýär. Ýagny, Türkmenistanda ilatyň 2.2%-niň interneti ulanýandygy aýdylýar. Hasabatdan çen tutulsa, Türkmenistanyň goňşulary bolan Özbegistanyň ilatynyň 27%-i, Täjigistanyň 10.5%-i, Gazagystanyň 35%-i, Gyrgyzystanyň ilatynyň bolsa jemi 39%-i internetden peýdalanýar.

Hatda uzak wagt dowam edýän uruş sebäpli ykdysady ýagdaýy ýaramaz bolan Owganystanda-da internetden peýdalanýan adamlaryň prosent sany Türkmenistanyňkydan takmynan 2 esse köp.

Dünýäniň 233 ýurduny öz içine alýan bu hasabatda Türkmenistanyň Hazar boýunça goňşusy Azerbaýjanda-da ilatyň 44%-niň internetden peýdalanýandygy habar berilýär.

Görkezijilere täsir edýän faktorlar

Türkmenistanda internetiň ilata elýeterliligi bilen ýakyndan gyzyklanýan hukuk goraýjy aktiwist, “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sanynyň pes bolmagyny internet hyzmatlarynyň gaty gymmat bolmagy hem-de ýurtdaky ýeke-täk internet prowaýderi bolan “Türkmentelekomyň” ilata hödürleýän hyzmatynyň hiliniň ýaramazlygy bilen düşündürýär.

Beýleki tarapdan, Farid Tuhbatullin gorky faktorynyň-da ilatyň internetden peýdalanmak höwesini gaçyrýandygyny öňe sürýär: “Biziň bilen söhbetdeş bolan käbir adamlar ýörite gulluklaryň internete berk gözegçiligini göz öňünde tutup, özlerine goşmaça kynçylyk döredesleriniň gelmeýändigini aýtdylar. Olaryň käbiri çagasyny daşary ýurtda okatmak isleýändigini, beýlekileri Türkmenistanda işläp, karýerasynyň aladasyny edýändigini, ýene birleri bolsa işläp ýören çagalaryna ýaramaz täsir ýetmesin diýip, internetden peýdalanmaýandyklaryny aýtdylar”.

Internet bilen bagly maglumatlary toplap, olary analiz edýän “Internet World Stats” saýtynyň 2011-nji ýyl boýunça ýaýradan bu hasabatynda häzirki wagt bütin dünýä boýunça ilatyň üçden bir böleginiň internetden peýdalanýandygy aýdylýar.

Şeýlelikde, 2000-nji ýyldaky sanlar bilen deňeşdirilende dünýäde internet ulanyjylaryň sany 528% ýokarlanypdyr. Internet ulanyjylaryň sany boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda hem az-owlak ösüş görünýär. Emma hasabatdan çen tutulsa, Türkmenistan bu jähtden dünýäde iň yzda galýan ýurtlardan biridir.
XS
SM
MD
LG