Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan: “Borat” kinokomediýasy turistleriň sanyny artyrdy


Duşenbe güni Gazagystanyň daşary işler ministri Eržan Kazykhanow çykyş edip, “Borat” atly kinokomediýa sebäpli ýurda gelýän turistleriň sanynyň artandygyny aýtdy.

Kazykhanow 2006-njy ýylda “Borat” filmi ekrana çykandan soň, daşary ýurtlularyň Gazagystana gelmegi üçin berlen wizalaryň sanynyň on esse artandygyny aýtdy.

Britan satirigi Saşa Baron Kohen bu filmde jynsparazlygy goldaýan we gomosekualistlere garşy durýan we ABŞ-a syýahat edýän gazak žurnalistiniň roluny oýnaýar.

Bu film ilki görekezilende, gazak resmileri ony berk ýazgarypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG