Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Klinton Hytaýda adam hukuklary meselesini galdyrar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton duşenbe güni giçlik Waşingtondan Pekine ugrady. Ol Pekinde resmiler bilen geçiriljek gepleşiklerde adam hukuklary meselesini galdyrjakdygyny aýdýar.

Şu hepdäniň ahyrynda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda Strategiki we ykdysady dialog geçirilýär.

Klintonyň bu sapary Hytaýda adalaty goraýjy tanymal aktiwist Çen Guaňçeň ABŞ-nyň Pekindäki ilçihanasynda pena tapan wagtyna gabat gelýär. Guaňçeň 22-nji aprelde öý tussaglygyndan gaçypdy.

Saparynyň öň ýanynda metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Hillary Klinton adam hukuklary meselesinde Hytaý we ABŞ ylalaşmaýarlar diýdi.

“Men garaşylýan her bir meselele, şol sanda adam hukuklary meselesi boýunça maslahat etjekdigimizi kepillendirip bilerin” diýip, Klinton aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG