Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Hytaýda adam hukuklaryny gozgajagyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton duşenbe güni agşam Waşingtondan Pekine tarap ýola düşüp barýarka Hytaý-Amerikan strategik we ykdysady dialogynda adam hukuklary meselesini gozgajakdygyny aýtdy.

22-nji aprelde hytaýly tanymal dissident, gözleri kör Çen Guaňçeň daşy berk saklawly öý tussaglygyndan gaçyp, Amerikanyň Pekindäki ilçihanasynda pena tapdy. Hanym Klintonyň sapary hem edil şu waka gabat gelýär. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kurt Kampbell Çeniň ykbaly barada hytaý resmileri bilen pikir alyşmak üçin ozal planlaşdyrylanyndan öň Pekine bardy.

Hanym Klinton Pekine tarap ýola düşmezden öň geçirilen metbugat ýygnagynda Hytaý bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda ynsan hukuklary babatda düşünişmezlikleriň bardygyny aýtdy. Ol Çen bilen baglanyşykly ýagdaý barada beýanat bermekden saklandy, ýöne hemme zat barada gürleşiljekdigini belledi.

"Konstruktiw gatnaşyk ylalaşmaýan zatlarymyz, şol sanda ynsan hukuklary barada hem ak ýürekden gürleşmegi öz içine alýar” diýip, Klinton aýtdy. Men bu gije Pekine şu düşünje bilen barýaryn, ähli zat hakda, şol sanda ynsan hukuklary hakda hem gürleşjekdigimize kepil geçip bilerin".

Ondan öň Waşingntona resmi sapar bilen gelen Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýoşihiko Noda bilen Ak Tamda giçirilen metbugat ýygnagynda prezident Obama hem Çen meselesi barada soralanda açyk jogap bermedi.

"Men Hytaýdaky ýagdaý barada metbugatda berilýän habarlary bilýärin. Ýöne bu barada beýanat bermekçi däl” diýip, Obama aýtdy. “Meniň nygtajak zadym – Hytaý bilen her gezek duşuşamyzda adam hukuklary meselesiniň gozgalýandygy. Biziň ynanjymyz boýunça bu diňe biziň prinsiplerimize, erkinlige we ynsan hukuklaryna bolan ynanjymyza gabat gelýändigi üçin däl, eýsem Hytaýyň güýçli bolmagy üçin hem dogry zat".

Uly synag

40 ýaşly Çen özi okap, adwokat bolup ýetişen adam
40 ýaşly Çen özi okap, adwokat bolup ýetişen adam
40 ýaşly Çen özi okap, adwokat bolup ýetişen adam. Onuň Hytaýda adalat ugrunda alyp baran göreşi – ilkinji nobatda, hökümetiň bir çagalylyk syýasaty goldalyp, oba ýerlerinde aýallaryň çaga aýyrtmagyna, sterilizasiýa mejbur edilmegine berk garşy durup gelenligi.

Merlezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän, Hytaýda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda iş alyp barýan "China Aid" guramasynyň işgäri Bob Fu duşenbe güni iki ýurduň diplomatlarynyň Çen meselesine basym bir çözgüt tapmaklarynyň mümkindigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, gözleri kör Çeniň gözüni bejertmek üçin maşgalasy bilen birlikde Birleşen Ştatlara gitmegi mümkin.

Bob Fu iki tarapyň-da bu meseläniň basym çözülmegini isleýändiklerini belledi.

Analitikleriň pikiriçe, Çeniň ykbaly Hytaý-Amerikan gatnaşyklarynda soňky 20 ýylda bolan iň uly synagdyr. Çen ýurtda galsa, Hytaý onuň howpsuzlygy barada ynamdar garantiýa berip bilenok. Çeniň dost-ýarlary hem onuň ýurdy taşlap gitmek islemeýändigini aýdýarlar.

Çeniň aýaly, 6 ýaşly gyzy bilen birlikde onlarça adamdan ybarat garawullar toparynyň kontrollygynda diýlip çaklanýar. Bu garawullar hem Çeni goldaýan adamlary urup-ýenjip, Doňşigu şäherinde olaryň öýüne barmaga synanyşan žurnalistlere haýbat atyp, olara ezýet berip ýören, ozaldan tanalýan hakynatutmalar.
XS
SM
MD
LG