Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House”: Türkmenistan yzdan ikinji


“Freedom House” guramasynyň strategiýa we analizler bölüminiň wise-prezidenti Kristofer Walker “ýaramazyň ýaramazy” toparyna giren döwletlerde habar serişdeleriniň režime alkyşlary ýagdyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýar.
“Freedom House” guramasynyň strategiýa we analizler bölüminiň wise-prezidenti Kristofer Walker “ýaramazyň ýaramazy” toparyna giren döwletlerde habar serişdeleriniň režime alkyşlary ýagdyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýar.
Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça özüniň ýyllyk hasabatyny çap etdi.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça “ýaramazlaryň ýaramazy” toparynda ýerleşdirlip, ol 197 ýurduň arasynda 196-njy orna düşdi. Bu guramanyň geçen ýylky hasabatynda hem Türkmenistan yzdan ikinji bolupdy.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň strategiýa we analizler bölüminiň wise-prezidenti Kristofer Walker munuň sebäplerini Azatlyk Radiosyna şeýle düşündirdi: “Türkmenistanda ýokary derejede parahorluk we repressiýa bar. Şol sebäpden hem biz ony “ýaramazlaryň ýaramazy” toparynda ýerleşdirdik. Ýurduň içinde garaşsyz çeşmelerden maglumatlary almak tas mümkin däl diýen ýaly. Şonuň üçin-de ýurduň içinde amala aşyryljak reformalaryň öňünde uly wezipeler dur”.

Faktorlar

“Freedom House” guramasynyň şu ýylky hasabatynda dünýäniň 197 ýurdunyň metbugatynyň, radio-telewideniýesiniň we internet neşirleriniň erkinlik derejesine baha berilýär. Hasabatda her bir döwletiň ýuridiki, syýasy hem ykdysady faktorlary, şeýle-de habar serişdelerine hökümet tarapyndan edilýän basyşlar hem seljerilýär.

1-nji maýda çap bolan hasabatdan çen tutulsa, häzir dünýäde her alty adamyň biri azat metbugatyň hözürini görüp bilýär. Bu-da soňky on ýylyň dowamyndaky hasaba alnan iň pes görkeziji boldy.

Hasabatda metbugatyň azatlygy boýunça iň pes netijäni görkezen ýurtlar “ýaramazyň ýaramazy” toparyna goşulyp, onda Türkmenistan bilen bir hatarda: Eýran, Kuba, Belarus, Demirgazyk Koreýa, Özbegistan ýaly ýurtlar hem bar.

Esasy mesele

“Freedom House” guramasynyň strategiýa we analizler bölüminiň wise-prezidenti Kristofer Walker bu sanawa giren döwletlerde azat medianyň hiç ýokdugyny ýa-da ýokary derejede çäklendirilendigini, bar bolan habar serişdeleriniň hem režime alkyşlary ýagdyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýar.

Walker häzir Türkmenistan üçin iň möhüm zadyň ýurtdaky dowam edýän maglumat ýapyklygyndan çykmak zerurlygydygyny aýdýar. Ol: "Bärde iň esasy mesele, Türkmenistanyň adaty raýatlarynyň ýaşaýan informasiýa ýapyklygyndan azat bolmagy bilen bagly” diýýär.

“Freedom House”guramasynyň metbugat azatlygy boýunça şu ýylky hasabatynda birinji orunlarda Finlýandiýa, Norwegiýa we Şwesiýa, soňky 197-nji ýerde bolsa Demirgazyk Koreýa ýerleşdirildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, Gyrgyzystan 155-157, Täjigistan 171, Gazagystan 175-177, Özbegistan bolsa 195-nji orunda ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG