Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýä bize haýran bu gün, Arkadag!”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Garaşsyzlyk eýýamynda köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ilatynyň gündelik durmuşyna ornaşdy. Şeýle çärelerden biri hem ýakynda, ýagny 29-njy aprelde geçirildi. Türkmen bedewine bagyşlanyp geçirilen şol çäreler paýtagt Aşgabat bilen bir hatarda ýurduň uly şäherleriniň ählisinde geçirildi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryndan çen tutulsa, aprel aýynda jemi 84 çäre geçirilen bolsa, maý aýynda köpçülikleýin çäreleriň jemi 97-siniň geçirilmegi planlaşdyrylýar. Bu üstümizdäki aýyň her gününe ortaça üç çäreden düşýär diýmekdir.

Adatça, şeýle çärelere hökümet işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşýarlar, ýa käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, gatnaşdyrylýar. Çärelere talyplaryň gatnaşdyrylýanlygy baradaky maglumat “Watan” habarlar programmasynyň 30-njy aprelde görkezen habarynda hem tassyklanýar.

“Türkmen bedewiniň baýramynyň uludan dabaralandyrylan gününde, säher bilen paýtagtymyzdaky 8 kilometrlik saglyk ýolunyň başlanýan ýerine Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyňdyr, Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary ýygnandylar. Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine ählumumy joşgunlyk, şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi” diýip, türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar programmasynda maglumat berildi.

Ýurtda geçirilýän çäreleriň temasyna garamazdan, adatça, ol prezidentiň ady bilen başlap, saz-şagalaň we ýurt baştutanynyň adyna şöhrat diýen ýaly şygarlar bilen dowam edip, onuň adyna alkyş aýtmak ýa prezidente sowgat bermek dabarasy bilen tamamlanýar.

29-njy aprelde Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli Köpetdagyň eteginde geçirilen dabaralar barada “Watan” habarlar programmasynda görkezilen sýužetlerden bir böleginde şeýle diýilýär:

Bu gün Köpetdagyň jennet goýnunda
Jenneti mekany gurduň Arkadag,
Çarpaýa galandyr behişti bedew
Siziň bilen ak ýollarda Arkadag!


Garaşsyzlyk döwründe köpçülikleýin çäreleriň juda köpelmegi, oňa halk köpçüliginiň gatnaşdyrylmagy, şol çärelere gatnaşýanlar göz öňünde tutulyp, il arasynda “çäreçiler” diýen gatlagyň döremegine sebäp bolanlygyny aýdýanlaram bar. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem agzalýan çäreler bilen içgin gyzyklanýan we dürli çärelere gatnaşmaga mejbur bolýan aşgabatly medeniýet işgärlerinden biri Berdidir.

Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýidi: “Çäreçiler diýilýän topara ilki bilen ýaşulularyň käbirleri girýärler. Şol toparda ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mugallymlaram bar. Olar açylyş dabaralar bolsun, maslahatlar bolsun, tapawudy ýok, hökman gatnaşaýmaly”.

Berdiniň aýtmagyna görä, şeýle çärelere mekdep okuwçylaram çekilýär, olar esasan açylyş dabaralaryna gatnaşdyrylýar: “Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri bolsa, adatça, özleriniň işleýän pudaklaryna degişli çärelere köpçülik bolup gatnaşmaly bolýarlar”.

30-njy aprelde çykan “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleriniň sanlarynda maý aýynda geçiriljek çäreleriň we açyljak durmuş-medeni maksatly binalaryň tertibine göz aýlanyňda, bu aýyň çärelere juda baý boljagyny aýtmak mümkin.

Her güne üç çäre

Eger aprel aýynda şeýle çärelerden 84-si geçirilen bolsa, maý aýynda 97-si geçiriler. Maý aýynyň birinji 10 günlügi, esasan, 1941-45-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän çärelerden ybarat bolup, bu ugurdan jemi 39 sany çäre geçiriler.

Suratlar: aprel aýynda geçirilen çärelerden pursatlar

Şol çärelerden biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçiriler. Prezidentiň atasynyň ady dakylan şol mekdepde “Watançy Gahryman Berdimuhammet Annaýewiň nusgalyk ömri – ýaşlara görelde mekdebidir” atly baýramçylyk duşuşygy bolar.

Maý aýynyň ikinji 10 günlüginde bolsa Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän çäreler agdyklyk eder.

10-18-nji maý aralygynda jemi 37 sany çäreleri geçirmek planlaşdyrylýar. Bu senä bagyşlanyp, “Baş kanunymyz - Bagt Kanunymyz”, “Dünýä bize haýran bu gün, Arkadag!”, “Arkadagyň agzybirlik aýdymy”, “Arzuwlaryň hasyl boldy, Pyragy!” diýen ýaly dürli-dürli baýramçylyk dabaralaryny geçirmeklik meýilleşdirilipdir.

Maý aýynda bu senä bagyşlanyp döredijilik işgärleriniň edebi çykyşlary hem guralýar. Emma, adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden aşgabatly ýazyjynyň aýtmagyna görä, adatça, Aşgabatdaky Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde geçirilýän bu edebi duşuşuklaryň edebiligi duýulmaýar.

Ol bu barada şeýle diýdi: “Edebi diýip atlandyrylýan bu çärä “çäreçiler” mejbury getirilýär. Adatça, bu çäräniň prezidenti wasp etmek bilen şöhrat gazanan Gözel Şagulyýewanyň çykyşy bilen açylmagy hem onuň nähili terzde geçiriljekdigini öňünden kesgitleýär”.

Aýyň ahyrky 10 günlüginde hem jemi 24 çäre geçirmek planlaşdyrylýar. Bu çäreleriň aglabasy maýyň soňky ýekşenbe güni bellenilip geçilýän “Türkmen halysynyň baýramçylygyna” bagyşlanar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 12-nji mejlisini geçirmeklik hem meýilleşdirilýär.

Maý aýynyň 25-de 2011-2012-nji okuw ýylynyň tamamlanmagyna we uçurymlara bagyşlanan soňky jaň dabarasy hem maý aýynyň köpçülikleýin çäreleriniň sanawyna girizilipdir. Bu çäre köpçülikleýin çärelere gatnaşýanlaryň käbirleri, ýagny mekdep okuwçylary üçin ýylyň iň gowy baýramçylyk dabaralarynyň biri.
XS
SM
MD
LG