Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Timoşenkonyň Orsýetde bejergi alyp biljekdigini aýdýar


Anna güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Ukrainanyň häkimiýetleriniň we Timoşenkonyň özüniň razy bolan halatynda, Ýuliýa Timoşenkonyň Orsýetde bejergi alyp biljekdigini aýtdy.

Ukrainanyň ýedi ýyl türme tussaglygy berlen ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko türmede özüniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyndan şikaýat edýär.

Wladimir Putin Timoşenkonyň tussaglygy bilen baglanyşykly käbir günbatar liderleriniň Ukrainada tomusda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa ýaryşyny baýkotirlemek baradaky çagyryşlaryny tankytlady. Ol “hiç bir halatda sporty syýasat bilen garjaşdyrmaly däl” diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG