Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 16 sany täze demirýol stansiýasy gurular


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe möhüm permana gol çekdi. Permanlardan biri häzirki wagt gurulýan “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň ugrunda 16 sany demirýol stansiýasyny gurmaklyga rugsat beriji perman boldy.

Oňa görä, Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalaryndan biriniň gurjak 16 sany iki gatly demirýol stansiýasynyň binalaryndan daşary, her stansiýada 8 sany ýaşaýyş jaýy we tehniki hyzmat ediş depolary-da gurular.

Mundan daşary, G.Berdimuhamedow Türkiýäniň ýene bir kompaniýasyna Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda 320 orunlyk ýolagçy gämisini gurmaklyga rugsat beriji permana-da gol çekdi. Bu gämi soňra Türkmenistanyň Deňiz we derýa transportlary boýunça Döwlet gullugy tarapyndan satyn alnar.

Anna güni prezident Berdimuhamedow ýurduň “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň başlygy Myratgeldi Kuraýewi “işinde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin wezipesinden boşatmak baradaky permana-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG