Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Doneskde azeri jemgyýetiniň başlygy atylyp öldürildi


Penşenbe güni Ukrainanyň Donesk şäheriniň resmileri bu şäherdäki ýerli Azerbaýjan jemgyýetiniň başlygy Igbal Mahmudowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdiler.

Donesk oblastynda “Azerbaýjan Kongresi” ady bilen döredilen guramanyň başlygy, 35 ýaşly tanymal biznesmen Igbal Mahmudow hepdäniň çarşenbe güni näbelli bir adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Gözli şaýatlar Doneskdäki bir restoranyň ýanynda onuň maşynyndan düşüp, ýöräp barýarka, oňa garşy näbelli bir adamyň bäş gezek ok atandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň polisiýasy Igbal Mahmudowyň janyna kast edişligiň kim tarapyndan gurnalyp bilinjekdigi barada häzirlikçe hiç bir çaklamany öňe sürmeýär.
XS
SM
MD
LG