Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan NATO-nyň ýükleri üçin serhedini açmak barada maslahat edýär


Pakistanyň liderleri NATO-nyň Owganystandaky goşunlaryna niýetlenen ýüklerini daşamak üçin ýurduň serhedini açmak barada maslahat edýärler.

Pakistanyň goranmak komitetiniň resmileriniň sişenbe güni geçirýän bu duşuşygyndan soň NATO-nyň ýüklerini daşamak üçin ýurduň serhediniň täzeden açylmagyna garaşylýar.

Yslamabat öz serhedini geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň ýükleri üçin petikläpdi. Şol wagt NATO-nyň amala aşyran howa hüjüminde Pakistanyň 24 esgeri öldürilipdi. Şol howa hüjüminiň netijesinde Waşingtonyň Yslamabat bilen dartgynly gatnaşyklary has-da ýitileşipdi.

ABŞ Pakistanyň esgerleriniň ölümine gynanç bildirse-de, ötünç soramakdan ýüz öwrüpdi. Waşington howa hüjümleriniň iki tarapyň hem ýalňyşlyklary sebäpli amala aşyrylandygyny nygtapdy.
XS
SM
MD
LG