Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan döwlet eýeçiligindäki köp emläkleri hususy eýeçilige satmakçy


Özbegistanyň döwlet mediasy ýakyn wagtlarda ýurduň hökümetiniň döwlet eýeçiligindäki 500 töweregi emlägi hususy eýeçilige satjakdygyny habar berýär.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu çäreler ýurtda hususy sektory hem-de daşary ýurt inwestisiýalaryny ösdürmek maksatlary bilen amala aşyrylýar.

Özbegistanyň Döwlet emläkleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Saýfitdin Gafarow geljek iki ýylyň içinde, esasan, nebit-gaz, energiýa, metallurgiýa, oba-hojalyk, elektronika we derman senagaty pudaklaryna degişli emläkleriň hususy eýeçilige satyljakdygyny mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG