Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň döredijilik delegasiýasy Gülüstana bardy


Anna güni Türkmenistanyň döredijilik delegasiýasy Magtymguly-Pyragynyň we Döwletmämmet-Azadynyň döredijiligine bagyşlanan dabara gatnaşmak üçin, Eýranyň Gülüstan welaýatyna sapara bardy.

Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda geçirilen bu dabara iki ýurduň döredijilik kollektiwleri bilen birlikde, Eýranyň medeniýet ministri Seýed Muhammed Husseýni, Gülüstan welaýatynyň häkimi Jewad Kanagat we käbir beýleki hökümet resmileri-de gatnaşdylar.

Bu çärede iki ýurduň döredijilik kollektiwleri çeper okaýyşlar we türkmen klassyk şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen çykyş etdiler.

Şol gün giçlik bu çärä gatnaşyjylar Aktotaý obasynyň golaýyndaky Magtymguly-Pyragynyň we Döwletmämmet-Azadynyň guburlaryna zyýarat etdiler.
XS
SM
MD
LG