Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nekrolog: Haseeba Şahid


Haseeba Şahid (sagda) we onuň maşgalasy
Haseeba Şahid (sagda) we onuň maşgalasy
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy özüniň Pakistan gullugy “Maşaal” Radiosynyň žurnalisti, iki çaganyň enesi Haseeba Şahidiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar. Tutanýerli žurnalist, şadyýan dostumuz we kärdeşimiz Şahid Owganystanda we Pakistanda bolup geçýän wakalary halk köpçüligine ýetirmek üçin 10 ýyllap zähmet çekdi, milli azlyklara we zenanlara degişli möhüm meseleler barada habar bermek üçin köplenç öz janyny töwekgelçilige saldy.

Owganystanyň günortasyndaky Nangarhar welaýatynda doglan Şahid orta mekdepde okap ýören döwürleri, 30 ýyla çeken graždanlyk urşy döwründe beýleki millionlarça owganystanlylaryň edişi ýaly, özüniň maşgalasy bilen goňşy Pakistanyň Peşewar welaýatyna göçdi.

Onuň media karýerasy 16 ýaşyndaka, BBC-niň “Täze öý, täze durmuş” atly drama seriallary üçin aktrisa we ssenarist hökmünde işlemäge mümkinçilik tapan wagty başlady. “Talybanyň” häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi bilen, ol Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň uly habarçysy we prodýuseri hökmünde işläp başlamak üçin, 2003-nji ýylda ata-watanyna dolandy.

Şahid 2010-njy ýylda Pragada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň puştun dilindäki gepleşiklerini efire berýän “Maşaal” Radiosynda işläp başlady.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda özüniň mylaýym häsiýeti, ýiti wäşi degişmeleri bilen tanalýan Şahidiň açyk we optimistik duýgulary oňa durmuşyndaky kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam berdi. Ol 2006-njy ýylda Kabulda bolan awtoulag heläkçiliginde özüniň öňki ýan ýoldaşy Şafikden we uýasy Şahnazdan jyda düşüpdi.

Şahid şu ýylyň 9-njy maýynda Pragada awtoulag heläkçiligine uçrap, agyr ýaralandy. Praganyň Harby uniwersitetiniň keselhanasynda dokuz günläp berlen çylşyrymly bejergi ony halas edip bilmedi. Onuň yzynda ýan ýoldaşy Hadaýatullah Sultani we iki çagasy galdy.

Haseeba Şahid 29 ýaşyndady. Ol biziň ýüreklerimizde baky ýaşar.
XS
SM
MD
LG