Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň sammiti açyldy


Sammit ýokary howpsuzlyk şertlerinde geçip, oňa dünýäniň 50-den gowrak lideri gatnaşýar.
Sammit ýokary howpsuzlyk şertlerinde geçip, oňa dünýäniň 50-den gowrak lideri gatnaşýar.
NATO-nyň liderleri Çikagoda sammite ýygnandylar. Sammitiň dowamynda ýaranlygyň 2015-nji ýyldan başlap, Owganystanda harby operasiýalary geçirmegiň deregine maslahat beriji roly eýelemegi barada giňişleýin geňeş ediler.

Sammit ýokary howpsuzlyk şertlerinde geçip, oňa dünýäniň 50-den gowrak lideri gatnaşýar. Olaryň arasynda NATO agza 28 ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary-da bar. Sammite Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we onuň pakistanly kärdeşi Asif Ali Zardari hem gatnaşýar.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen ýekşenbe güni Çikagoda gurnalan metbugat konferensiýasynda ýaranlygyň Owganystandaky missiýasyna ygrarly bolup galýandygyny, şeýle-de ýurtdan “howul-hara çykylmajakdygyny” belläp geçdi.

“Şu sammtide biziň Owganystandaky missiýamyza ygrarlydygymyz aýan bolar. Biz 2010-njy ýylda Lissabonda ylalaşan planymyza görä, Owganystandaky jogapkärçiligi ýerli güýçlere tabşyrmagymyzy dowam etdireris” diýip, Rasmussen aýtdy.

NATO 2014-nji ýyla çenli özüniň Owganystandaky goşunlaryny çykarmagy planlaşdyrýar. Emma Ýewropa liderleriniň ençemesi özlerindäki ykdysady kynçylyklary we jemgyýetçiligiň basyşy sebäpli, bu çäräni çaltlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Olland eýýäm şu ýyl fransuz esgerleriniň Owganystandan çykaryljakdygyny mälim etdi.

NATO-nyň Owganystandaky geçiş işleriniň sazlaşykly bolmagy üçin, Pakistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy diýseň wajyp bolup galýar. Geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň howa zarbasynda 20-ä golaý pakistanly esger ölenden soň, Yslamabat ýaranlygyň ýükleri üçin öz serhedini ýapypdy.

Ak Tam bu meseläni çözmek üçin, geçen hepde uly tagalla görkezdi. Emma ABŞ-nyň prezidentiniň ýokary derejeli kömekçisi şenbe güni munuň entek mümkin bolmajakdygyny aýtdy. Ben Rhodes bu meseläniň oňyn çözüljekdigini, emma munuň ýakyn günlerde amala aşmajakdygyny hem sözüne goşdy.

NATO-nyň Çikagodaky sammitiniň dowamynda Ýewropanyň raketa hüjümlerinden goranyş planlary hem gün tertibinde bolar. Bu Orsýet bilen köpden bäri ylalaşylman gelinýän bir mesele. Moskwa munuň netijesinde özüniň ýadro ukyplylygyna zeper ýetjekdigini öňe sürýär.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen sammitiň dowamynda ýaranlygyň täze şertlerde nähili iş alyp barjakdygy barada hem maslahatyň ediljekdigini aýtdy: “Sammitiň esasy üç wezipesi bar: Owganystanda häzir we geljekde howpsuzlygy üpjün etmek; NATO-ny 21-nji asyrda-da güýçli we kuwwatly durkunda saklamak; şeýle-de halkara hyzmatdaşlygy berk görnüşde dowam etdirmek”.

NATO-nyň Çikagodaky sammiti iki gün dowam eder.
XS
SM
MD
LG