Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrowideniýe Azerbaýjanda hukuk aladalary bilen utgaşdy


Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda sişenbe güni Ýewrowideniýe aýdym bäsleşigi başlanýar. Bu bäsleşige 42 ýurduň aýdym-saz toparlary gatnaşýar we oňa telewideniýe arkaly 125 million adam tomaşa edýär.

Sişenbe we penşenbe güni bu bäsleşigiň ýarym finallary geçiriler. Şenbe güni bolsa finala çykanlaryň bäsleşigi geçiriler.

Awtoritar Azerbaýjan hökümeti bu medeni çäräniň üsti bilen nebite baý ýurduny häzirki zaman ösen ýurt hökmünde görkezmek isleýär. Bu medeni çäre Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy we täze binalary gurmak üçin Bakuwyň ýerli ýaşaýjylarynyň mejbury göçürilmegi baradaky aýyplamalar bilen utgaşdy.

Goňşy Ermenistan Azerbaýjan bilen Daglyk-Garabag dawasy sebäpli Ýewrowideniýe bäsleşigine gatnaşmaýar.
XS
SM
MD
LG