Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Soňky jaň” çykdajylary her bir maşgala eýgerdip barmaýar


“Soňky jaň” her bir okuwçynyň durmuşyndaky ýatdan çykmajak günleriň biridir.
“Soňky jaň” her bir okuwçynyň durmuşyndaky ýatdan çykmajak günleriň biridir.
Mekdep okuwçylarynyň “Soňky jaň” gutardyş dabaralary ýakynlaşdygyça, olaryň ene-atalarynyň aladalary hem artýar. Olaryň bu aladasy iň soňky jaňyň bellenilýän güni bolan 25-nji maýda geçirilmeli dabara taýýarlyk boýunça çagalary üçin edilmeli çykdajylar bilen bagly.

Şeýle raýatlardan biri hem 45 ýaşly Ýagmyr. Onuň ogly Mekan şu ýyl orta mekdebi tamamlaýar. Mekanyň ejesi Bibiniň aýtmagyna görä, ogly üçin edilen çykdajy eýýäm 100 dollardan geçipdir.

“Egin-eşigi üçin 160 manat. 60 manady olaryň “soňky jaňlaryny” bellejek kafeleri üçin goşýan pullaryna bermeli. Munuň üstesine, “Uçurym” fotoalbomy üçin 50 manat pul berdik” diýip, Bibi edilen çykdajylaryň jikme-jigi barada gürrüň berdi.

Bibiniň aýtmagyna görä, oglunyň egin-eşigi ýörite sargyt boýunça dikilip, onuň okaýan klasyndaky oglanlaryň ählisinde birmeňzeş egin-eşik bolmaly. Birmeňzeş egin-eşigi bolmadyklaryň soňky jaň kakylanda çetde durmalydygy aýdylypdyr.

Ýagmyryň oglunyň okaýan klasyndaky gyzlaryň hem “soňky jaň” çykdajylary oglanlaryňkydan az bolmandyr. Mekanyň klasynda okaýan Maýsanyň ejesi Enebaýyň aýtmagyna görä, ol gyzynyň “soňky jaň” dabarasy üçin maşgalasynyň soňky pullaryny sarp etmeli bolupdyr.

“Gyzymyzyň “soňky jaň” dabarasy üçin 240 manat sarp etdik. Indi kakasynyň iýun aýynyň aýlygyna garaşyp otyrys” diýip, Enebaý aýdýar.

Ýokarda agzalan “soňky jaň” çykdajylary diňe uçurymlaryň öz dabarasy üçin edýän çykdajylarydyr. Mundan başga-da, uçurymlar öz klaslarynyň ýolbaşçylaryna we mekdebiň direktoryna hem gymmat bahaly sowgat üçin pul goşmaly bolýan halatlarynyň seýrek bolmaýandygyny aýdýarlar.

Mekdebe görä...

“Soňky jaň” her bir okuwçynyň durmuşyndaky ýatdan çykmajak günleriň biridir. Şonuň üçin uçurymlaryň bu dabara giňden taýýaryk görmekleri halk arasynda adaty ýagdaý hasaplanýar.

Emma bu baýramçylygyň çykdajylary her bir maşgala eýgerdip barmaýar. Ýagmyr bu ýagdaýy öz ýaşlyk döwri bilen deňeşdirip, ol wagtlar “soňky jaň” dabarsy üçin çykdajylaryň köp bolmandygyny ýatlaýar.

“Indi bolsa bir aýlyk hakyň ýarsyndan gowragyny sarp etmeli bolýar. Ýaşlaryň moda kowalaşmagy, mekdep ýolbaşçylarynyň olaryň geýmeli egin-eşikleri baradaky talaplary ene-atalara gymmat düşýär” diýip, Ýagmyr aýdýar.

Paýtagtdaky mekdepleriň ählisinde “soňky jaň” dabarsy bilen bagly edilýän çykdajylar birmeňzeş däl. Käbir mekdeplerde ýokarda agzalan möçberdäki pullardanam köp çykdajy edilýän bolsa, käbirlerinde çykdajylar ondan az bolýar. Ýagmyryň aýtmagyna görä, bu ýagdaýda mekdebiň ýerleşýän raýony, mekdebiň abraýy hem rol oýnaýar.

“Mysal üçin, demir ýoluň gaýrasyndaky mekdepleriň köpüsinde “soňky jaň” dabarasy uçurymlar üçin arzanyrak düşýär. Paýtagtyň “prestiž” ýa-da “abraýly” hasaplanýan mekdeplerinde bolsa “soňky jaň” dabarasy üçin harçlanýan pul has köp bolýar. Bu mekdeplerde okaýan çagalaryň köpüsi barly maşgalalardan” diýip, Ýagmyr aýdýar.

25-nji maýda eginlerinden üstaşyr dakylan we zer çaýylan “Uçurym” diýlip ýazylan lentaly mekdep okuwçylarynyň Aşgabadyň köçelerini, seýilgählerini, kafelerini, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem doldurmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG