Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürdäki prezidentlik saýlawlary ikilenji gün dowam etdi


Penşenbe güni Müsürde prezidentlik üçin ses berişlikler ikilenji gün dowam etdi. Munuň özi geçen ýylyň fewralynda Müsüriň ozalky diktator lideri Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirileli bäri ýurtda ilkinji gezek geçirilýän alternatiw prezidentlik saýlawlarydyr.

Bu prezidentlik saýlawlarynda 12 sany dalaşgär prezidentlik ugrunda özara bäsleşýär.

Olaryň arasynda Arap Ligasynyň ozalky başlygy we Hosni Mübäregiň döwründe daşary işler ministri bolup işlän Emr Mussa hem-de “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Muhammad Mürsi köp goldaw gazanmagy mumkin dalaşgärler hasaplanylýar.

Ýöne köp synçylar birinji tapgyr saýlawlarda dalaşgärlerden hiç biriniň 50 prosentden köp ses alyp bilmejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG