Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň paýtagtynda polisiýa birnäçe protestçini tussag etdi


Penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda media azatlygyna çagyryş edip, demonstrasiýa gurnan protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdy.

Bakudaky Telewideniýe merkeziniň öňünde geçirilen bu demonstrasiýada protestçilerden ençemesiniň polisiýa tarapyndan tussag astyna alnandygy habar berilýär.

Ýöne bu wakada näçe adamyň tussag edilendigi barada anyk maglumat alynmady. Oppozision aktiwistler tussag edilenleriň arasynda oppozisiýanyň liderlerinden hem ikisiniň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG