Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendagda halkara ylmy ekspedisiýasy ýola goýuldy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Köýtendagda halkara ylmy ekspedisiýasy başlandy. Bu ylmy ekspedisiýa Türkmenistanda Köýtendagyň täsinliklerine bagyşlanyp açyljak halkara konferensiýanyň öňüsyrasynda gurnaldy.

Bu ylmy ekspedisiýa we konferensiýa Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Türkmenistanyň UNESKO boýunça Milli komissiýasy, Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş ministrligi, Turizm we sport boýunça Döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi tarapyndan gurnalýar.

Köýtendagda başlanan bu ekspedisiýa gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Birleşen Ştatlardan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan we Orsýetden jemi 50-den gowrak spesialist ýygnandy. Olar Köýtendagyň ösümlik, haýwanat, mineral we taryhy aýratynlyklaryny öwrenerler.
XS
SM
MD
LG