Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Türkmenistan aladalandyrýar


“Amnesty International”: Türkmenistan iň ýapyk we çäklendiriji ýurt bolup galýar.
“Amnesty International”: Türkmenistan iň ýapyk we çäklendiriji ýurt bolup galýar.
Adam hukuklaryny goraýjy iri halkara gurama bolan “Amnesty International” öz ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Dünýäniň 155 ýurdunda adam hukuklarynyň berjaý edilişine syn edilýän hasabatda Türkmenistandaky ýagdaýa hem baha berilýär.

Azatlyk Radiosy bu hasabatyň Türkmenistana degişli bölegi barada “Amnesty International” guramasynyň bilermeni Reýçel Bagler bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Guramaňyz Turkmenistanda ynsan hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna nähili baha berýär?

Reýçel Bagler: “Amnesty International” Türkmenistanda söz azatlygynyň, bileleşmek we din azatlyklarynyň berk çäklendirilmegine, şeýle-de raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmegine güýçli aladalanma bildirmegini dowam etdirýär. Açyk-aýdyň bolmadyk sud arkaly türma höküm edilen onlarça adamyň türmede galmagy, syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň ençemesiniň daşky dünýäden üzňelikde saklanmagy we olaryň ykbaly barada garyndaşlaryna berlen maglumatlaryň çäkli bolmagy aladalanmalara sebäp bolýar.

Biz şeýle-de harby gullukdan boýun gaçyran raýatlaryň türme tussaglygyna höküm edilmeginden aladalanýarys. Şeýle ýagdaýa köplenç dini azlyklaryň wekilleri düşýärler. Türkmenistanyň tussaghanalarynda gynamalaryň we ýaramaz garaşygyň giňden ýaýranlygy baradaky maglumatlar hem aladalanma döredýär.

Azatlyk Radiosy: “Amnesty International” guramasy Türkmenistanda bu ugurda ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende özgerişlik görýärmi?

Biz Ataýew bilen bilelikde boşadylan adamlar barada maglumat alyp bilmedik. Bu ädimleriň oňyn hasaplanmagy üçin olar iş bilen tassyklanmaly.
Reýçel Bagler
Reýçel Bagler: Öňegidişlik boldy. Bu esasan soňky aýlara degişli. Ýurtda käbir täze kanunlar kabul edildi, hususan-da, köppartiýalylyk kanunlaşdyryldy. Emma biz bu kanunlaryň hakyky netijelerine garaşýarys. 2012-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri ýurtda birnäçe adamyň, şol sanda türkmen parlamentiniň öňki spikeri Öwezgeldi Ataýewiň boşadylanlygyny BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasyna aýdypdy. Emma biz Ataýew bilen bilelikde boşadylan adamlar barada maglumat alyp bilmedik. Bu ädimleriň oňyn hasaplanmagy üçin olar iş bilen tassyklanmaly.

Biz Türkmenistanyň Halkara Gyzyl Haç guramasy bilen gepleşikler geçirýänligini bilýäris. Biz türkmen hökümetine halkara jemgyýetçiligi üçin has açyk bolmagy we gatnaşyklary ösdürmegi ündeýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan dünýäniň beýleki regionlary, hususan-da Merkezi Aziýa ýurtlary bilen deňeşdirilende, ýurduň ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?

Reýçel Bagler: Türkmenistan iň ýapyk we çäklendiriji ýurt bolup galýar. Oňa regional derejede garanyňda, dini çäklendirmeler nukdaýnazaryndan Täjigistan we Özbegistan has repressiw, emma metbugatyň çäklendirilmegi nukdaýnazaryndan garasaň, Türkmenistandaky ýagdaý has uly aldalanma döredýär.

Azatlyk Radiosy: Raýatlaryň ynsan hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň bildirýän aladalanmalarynyň nähili ähmiýeti bar? Hökümetiň ynsan hukuklaryny berjaý etmegi üçin halkara jemgyýetçiligi öz tarapyndan näme etmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň agzasy we onuň halkara borçlary bar. Şonuň üçin ol söz, bileleşmek we metbugat azatlyklary boýunça ýagdaýy gowulandyrmaga borçly.
Reýçel Bagler
Reýçel Bagler: Halkara jemgyýetçiligi adam hukuklary temasynyň Türkmenistan we türkmen häkimiýetleri bilen mydama dialogyň üns merkezinde bolmalydygyna göz ýetirmeli. Gepleşikler, goý, gaz söwdasyna ýa beýleki ugurlara degişli bolsun, bu gepleşiklerde adam hukuklarynyň ähmiýetini nygtap durmaly. Bu meseläni hiç wagtda ünsden düşürmeli däl ýa gaýra goýmaly däl. Bu ähli gepleşikleriň merkezi temasy bolmaly.

Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň agzasy we onuň halkara borçlary bar. Şonuň üçin ol söz, bileleşmek we metbugat azatlyklary boýunça ýagdaýy gowulandyrmaga borçly we raýat jemgyýetçiliginiň ýurtda bolup geçýän ýaramaz zatlar barada açyk aýtmagyna ýol bermeli, ýurtda bolup geçýän zatlar barada açyk aýdýanlara basyş etmeken saklanmaly.
XS
SM
MD
LG