Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky jaňlar kakyldy


Kasamdan soň, sabyrsyzlyk bilen garaşylan soňky jaň hem kakyldy.
Kasamdan soň, sabyrsyzlyk bilen garaşylan soňky jaň hem kakyldy.
25-nji maýda irden, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Aşgabadyň orta mekdeplerinde-de gün aýdym-sazly şagalaňlar bilen başlandy. Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän 52-nji we 55-nji orta mekdeplerinde hem şeýle dabaralar geçirildi.

Bu şagalaň ýurduň orta mekdeplerinde geçirilýän “soňky jaň” baýramy bilen bagly, ol her ýyl 25-nji maýda bellenýär. Bu dabara mekdebi tamamlaýan uçurymlar bilen bilelikde mugallymlar, mekdep okuwçylary we olaryň ene-atalary hem gatnaşýarlar.

Dabara, her köpçülikleýin çärelerde bolşy ýaly, oňa gatnaşýanlaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary baradaky adaty instruksiýalar bilen başlandy.

Mekdebi tamamlaýan uçurymlar toý meýdançasyna çagyrylandan soň, döwlet senasy ýaňlandy. Senanyň ýzy bilen söz mekdep müdirine berildi, ol çykyşyny Türkmenistanyň prezidentiniň mekdebi tamamalaýan uçurymlara iberen gutlag haty bilen tamamlady. Şol hatda ýurt baştutany uçurymlary “Soňky jaň” dabarasy bilen gutlapdyr.

Hatda häzirki döwürde “ýaşlaryň üstünlik gazanmagy, erkana we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, yhlasly, gujurly zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilenligi” nygtalýar.

Aşgabadyň 52-nji we 55-nji orta mekdeplerinde

Bu çärelere bilim edarasynyň hem-de etrap häkimliginiň resmileri hem gatnaşyp, olar uçurymlary bu dabara bilen gutladylar. Dabaranyň çäginde okuwda üstünlik gazanan mekdep okuwçylarynyň sylaglanyş dabarasy hem bolup geçdi. Olara dabaraly ýagdaýda hormat hatlary gowşuryldy.

Baýramçylykda uçurymlaryň aýdym-saz we tans çykyşlary hem boldy. Dabaranyň ahyrynda kasam okaldy. Kasamdan soň, sabyrsyzlyk bilen garaşylan soňky jaň hem kakyldy. Mekdep okuwçylarynyň käbirleri ellerindäki kepderilerini asmana uçurdylar. Toý meýdançasynyň üstünden asylyp goýlan içi şarly haltadan şarlar döküldi.

Şondan soň “soňky jaň” dabarasy mekdebiň klas otaglarynda dowam etdi. Mekdep mugallymlarydyr okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda gurnalan “çaý içişlikden” soň, mekdeplerde geçen “soňky jaň” dabaralary tamamlandy.

“Soňky jaň” dabarasy bilen bagly geçirilýän baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde we döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem bolup geçdi.

Paýtagtyň kafelerinde, restoranlarynda hem mekdebi tamamalaýan uçurymlary baýramçylyk agşamlaryny, oturylşyklaryny geçirip, “soňky jaň” baýramçylygyny belleýärler. “Soňky jaň” dabaralary daňa çenli dowam eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG