Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň mini-futbol komandasy Aziýa ýaryşyna bardy


Penşenbe güni Türkmenistanyň mini-futbol boýunça ýygyndy komandasy Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän Aziýa çempionatynyň bu gezekki final tapgyryna başky saýlama oýunlarda üstünlikli çykyş eden 16 sany komanda çykdy.

Türkmenistanyň mini-futbol boýunça ýygynda komandasynyň düzümine, esasan, Aşgabadyň “Arwana” we “Galkan” komandalarynyň hem-de Türkmenibaşynyň “Deňizçi” komandasynyň oýunçylary girýär.

Ýaponiýaly trener Kioheýa Nakamuranyň ýolbaşçylygynda tälim alan türkmen komandasy özüniň ilkinji oýnuny Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy komandasy bilen geçirer.
XS
SM
MD
LG