Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan parlamenti ABŞ bilen partnýorlyk ylalaşygyny oňlady


Şenbe güni Owganystanyň parlamenti Kabul bilen Waşingtonyň strategik partnýorlyk hyzmatdaşyklary baradaky täze ylalaşygy oňlap ses berdi.

Munuň özi 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary Owganystany terk edenlerinden soň hem, Birleşen Ştatlaryň bu ýurtda öz missiýasyny dowam etdirmegine ýol açýar.

Indi bu ylalaşyga Owganystanyň Senatynda geljek hepde ses berler diýlip garaşylýar.

Kabul bilen Waşingtonyň strategik partnýorlyk baradaky bu täze ylalaşygyna şu ýylyň 2-nji maýynda Kabulda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý gol çekipdi.
XS
SM
MD
LG