Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky owgan bosgunlarynyň aladasy


Owganystanyň bosgunlar boýunça ministri doktor Jemaher Enweri
Owganystanyň bosgunlar boýunça ministri doktor Jemaher Enweri
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady Owganystanyň bosgunlar boýunça ministri doktor Jemaher Enweri bilen Türkmenistandaky owgan bosgunlarynyň ýagdaýy barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Doktor Jemahyr Enweri, Türkmenistanda owganystanly bosgunlaram ýaşaýarlar. Hususanam türkmenler ýaşaýar. Olaryň meseleleriniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen siz gürrüň etdiňizmi?

J. Enweri: Biz şu haýyşy konferensiýada Türkmenistanda ýaşaýan owgan bosgunlarynyň problemalary üçin, biz o ýeriniň resmileri bilen gepleşdik. Edaraýi-bosgunlar işini edýär ýa edaraýi-migrant diýýär ekeni olar. Onuň başlygy bilen biz gepleşdik. Biz owgan bosgunlarynyň kynçylyklaryny aýtdyk olara. Bulara pasport bermek wada edilen eken. Wagtlaýyn bolmaga wada berlen eken. Henize çenli ol amala aşmandyr, hatda käbirleriniň dokumentlerini ellerinden alyp, olara ýaşamak wizasyny berýän ekenler. Biz bu meseleler barada gepleşdik. Olar şu wadany bize berdi, olaryň problemalary tizlikde çözülmeli. Olar takmynan dört müň kişi, indi onuň içinde owganlar hem, owganlaryň bosgunlary hem bar. Bular reýis jemhuryň, ýagny prezidentiň permana gol çekmegine garap dur. Enşalla, bize wada berdiler, tizlikde bularyň müşgilleri [oňyn] çözülmeli.

Azatlyk Radiosy: “Müňlerçe adama biz Türkmenistanyň raýatlygyny berdik” diýdi Türkmenistanyň prezidenti. Türkmenistanda ýaşaýan owganystanly bosgunlara-da Türkmenistanyň raýatlygy berlermi?

J. Enweri: Hawa. Bul esasda şol wada owaldan berlen bolsa, çuň hormatly prezidentiň aýdan [sözleri] şol jähetden owgan bosgunlary üçin-de [degişli]. Belki, hemme bosgunlar Türkmenistanda şol kanun esasynda ýaşar. Bosgunlar edarasynyň başlygy bize şu wadany berdi: haýsy dokument berilýän bolsa, owganlar üçinem şol gurşalmaly. Bular şol mümkinçilikden peýdalanarlar. Wagtlaýyn hukuk bilen ýaşamak ýa pasport almak mümkinçiliginden bularam peýdalanar diýip, bize wada berdiler.

Azatlyk Radiosy: Eger Owganystandan ýene Türkmenistana raýatlar bosgun bolsa, olary Türkmenistan kabul edermi?

J. Enweri: Heniz Türkmenistanda beýle bir kanun ýok. Bosgunlary, immigrantlary kabul edýän kanun ýok eken. Näme bolsa prezidentiň hökümi bilen o ýerde amala aşýan eken. Emma ýene-de her kim o ýerden penahändelik – bosgunlyk dilese, ol ýeriň raýatlygyny dilejek bolsa, olaryň kanuny şul eken – başga döwletiň raýatlygyny terk edip, ondan soň o ýeriň raýatlygyny almaga arza bermeli ekeni. Şol ugurda ondan-oňa barmak, ýüz tutmak kynçylygyny etmeli eken. Özleriniň nähilek bolsa-da bir kynçylyklary bar, şol düzgüni bar. Eger şolara barabar gelen suratynda, bulara raýatlyk bermeli ýa bolmasa bosgunlyk statusyny bermeli. Owal wagtlaýyn, ondan soň raýatlyk. Meselesi bar diýip bize şeýle düşündirdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşaýan owganystanly türkmenleriň çagalary üçin, Türkmenistanyň mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik bar ekenmi?

J. Enweri: Bul şeýle bir ynjyk mesele. Men bu meseläni köp gürrüň etdim bular bilen, söhbetleşdim. Olaryň aýtmagyna görä, we adatda ol ýerde biziň owgan garyndaşlar ýaşaýar, olaryňam bilimi ýokary mekdeplere barýança haýsydyr bir müşgil ýok. Olar tälim-terbiýeden peýdalanýan ekeni. Emma bularyň kynçylygy ýokary okuw jaýlaryna girmekde eken. Bu barada biz olardan çynlakaý haýyş etdik. Ýokary okuw jaýlaryndan Owganystana berilýär ýylda 30 orun. “Bu kem” diýip, ýene-de haýyş etdik. Bu barada: “Biz bul meseläni çözeris” diýip, bize wada berdiler.

Azatlyk Radiosy: Pakistanda millionlarça bosgun ýaşaýar. Şolaryň arasynda türkmenlerem bar. Pakistan gyssagly ýagdaýda owganystanly bosgunlaryň çykaryljakdygyny yglan etdi. Oňa bir aý möhlet berdi. Şu meseläniň çözgüdi üçin, siziň ministrligiňiz näme çäre görýär?

J. Enweri: Bu barada Pakistanda Ministrler Kabineti tarapdan perman kabul edildi. Haýbar Peştunha gubernatory tarapyndan şeýle haýyş bolan. Bular owgan bosgunlary o ýerden çykarsalar, elbetde, bu ýerde kanuny [jogapkärçilikleri] bar we ynsan hukuklary bar. Biz bu barada Ženewada koferensiýada bolanymyzda-da Pakistanyň bosgunlar ministri bilen söhbetleşdik. Olar bizi çagyrdylar. Pakistana barsak, bu meseläni ýakyndan Pakistan döwleti bilenem söhbetleşeris. Şunuň üçin biz erte däl, birigün Pakistana bir delegasiýa bilen gitmeli. Ol meseleleriň hemmesini söhbetleşeris, enşalla. Pakistan 30 ýyldan bäri şeýle bosgunlara o ýerde myhmandarlyk edip, eýelik edip otyr. Biz ondan teşekkür edýäris. Ýene-de bizde umyt bar, biz bu problemany iki döwletiň ortasynda oňyn çözüp bilsek...
XS
SM
MD
LG