Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsürde protestçiler Şafigiň edarasyna hüjüm etdiler


Müsürden gowuşýan maglumatlara görä, düşenbe güni Kair şäherinde protestçiler prezidentlige kandidat Ahmed Şafigiň edarasyna hüjüm edip, soňra binany otlapdyrlar.

Ýaralananlar barada maglumat berilmeýär. Ýangyn dessine söndürildi, bina uly zeper ýetmedi.

Bu hüjüm 16-17-nji iýunda saýlaw komissiýasy “Musulman Doganlygy” partiýasynyň kandidaty Mohammed Morsi bilen Şafigiň prezidentlik ugrunda bäsleşjekdigi baradaky maglumaty ýaýradanyndan soň ýüz berdi.

Ýüzlerçe adam Kairiň we Aleksandriýanyň köçelerine çykyp, saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Şafigiň bäsleşmegine protest bildirdiler.

Şafik Hosni Mubaregiň režiminde iň soňky premýer-ministr bolupdy. Köp adam onuň prezident edilip saýlanan ýagdaýynda ýurtda Mubaregiň režiminiň dikeldilmeginden howatyrlanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG