Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan “Diktator” kinokomediýasynyň görkezilmegini togtatdy


Anna güni Gazagystanyň häkimiýetleri britaniýaly kino režissýory Saşa Baron Koheniň “Diktator” atly täze kinokomediýasynyň bu ýurtda görkezilmegini togtatdylar.

Filmiň Gazagystanda ýaýradylmagy bilen meşgullanýan “Interfilm” kompaniýasy anna güni bu kinokomediýanyň Gazagystanda görkezilmeginiň hakykatdanam togtadylandygyny tassyklady, emma munuň sebäbi barada anyk maglumat bermedi.

Ozal käbir dawalara we çekişmelere sebäp bolan “Borat” kinokomediýasynyň awtory Saşa Baron Koheniň “Diktator” atly täze kinokomediýasynda Gündogaryň döwlet diktatorynyň obrazy masgaralaýjy äheňde suratlandyrylýar.

Bu filmiň görkezilmegi Täjigistanda we Türkmenistanda-da gadagan edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG