Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Assad: “Siriýada daşardan ýola goýlan uruş barýar”


Prezident Başar al-Assad: “Muny terrorizm hökmünde suratlandyranymyzda, biz indi ýurduň içerki syýasy çygryny göz öňünde tutup gürrüň etmeýäris. Häzirki wagt biz daşardan yglan edilen hakyky uruş bilen ýüzbe-ýüz durus".
Prezident Başar al-Assad: “Muny terrorizm hökmünde suratlandyranymyzda, biz indi ýurduň içerki syýasy çygryny göz öňünde tutup gürrüň etmeýäris. Häzirki wagt biz daşardan yglan edilen hakyky uruş bilen ýüzbe-ýüz durus".
Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň parlamentiniň öňünde çykyş edip, Siriýadaky krizis barada giňişleýin gürrüň etdi.

Ol öz çykyşyny Siriýada “şehit bolan graždan ilatyna we harbylara” öz gynanjyny hem-de hormatyny bildirmek bilen başlady.

Prezident Başar al-Assad öz çykyşynda Siriýanyň “daşardan ýola goýlan hakyky uruş bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny” aýtdy we “terrorizme” garşy göreşde hiç hili eglişige ýol berilmejekdigini nygtady.

“Hakyky uruş bilen ýüzbe-ýüz”

Prezident Başar al-Assad: “Muny terrorizm hökmünde suratlandyranymyzda, biz indi ýurduň içerki syýasy çygryny göz öňünde tutup gürrüň etmeýäris. Häzirki wagt biz daşardan yglan edilen hakyky uruş bilen ýüzbe-ýüz durus. Bu urşa hötde gelmek meselesi Siriýanyň öz içersindäki ýagdaýlara hötde gelmek meselesinden tapawutlanýar. Hut şu mesele örän aýdyň bolmalydyr” diýip, öz çykyşynda belledi.

Siriýanyň Kfar Nubul şäherçesinde protestçiler "Çagalaryň ganhorlary" diýlen ýazgyly plakaty göterip durlar. 27-nji maý, 2012.
Siriýanyň Kfar Nubul şäherçesinde protestçiler "Çagalaryň ganhorlary" diýlen ýazgyly plakaty göterip durlar. 27-nji maý, 2012.
Başar al-Assad ýurduň Houla şäherinde ýüz beren gyrgynçylyga hökümetiň nähilidir bir dahylynyň bardygyny ret etdi we bu wakany “aýylganç jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy.

Bir hepdeden gowrak wagt mundan ozal Siriýanyň Houla şäherinde amala aşyrylan şol ýaragly hüjümde 108 sany parahat ýaşaýjy ölüpdi. Ölenleriň arasynda aýallar we çagalar-da köp.

Başar al-Assad öz çykyşynda işsiz gezip ýören siriýalylardan käbirlerine pul berlip, olaryň-da hökümete garşy çykyşlara çekilýändiklerini aýdyp, muny tankyt etdi.

Ol Siriýanyň häzirki wagt kolonializmden soňky geçen taryhy döwürde iň bir aýgytly pursaty başdan geçirýändigini aýtdy.

Terror toparlaryny aýyplady

Başar al-Assadyň parlamentiň öňünde eden bu gezekki çykyşynyň äheňi hem onuň ozalky çykyşlaryna meňzeş boldy. Ol ýurtdaky halk gozgalaňlarynda ýene-de terror toparlaryny aýyplady.

Parlamentiň öňünde eden bu çykyşynyň dowamynda prezident Başar al-Assad öz hökümetiniň bosgunlykdaky oppozisiýanyň wekilleri bilen gepleşik geçirmejekdigini-de nygtady.

Ol oppozisiýanyň talaplary göz öňünde tutulyp, Siriýanyň konstitusiýasyna birgiden üýtgetmeleriň girizilendigini, köppartiýalylyga ýol berlendigini we köpsanly beýleki eglişiklere gidilendigini, emma, muňa garamazdan, oppozision toparlaryň barlyşmak islemeýändiklerini öňe sürdi.

Täze konstitusiýanyň kabul edilmeginiň yzy bilen, 7-nji maýda Siriýada ilkinji gezek köppartiýalyk esasynda parlament saýlawlary geçirildi. Emma Siriýanyň oppozision partiýalary bu saýlawlary boýkotirläp, oňa gatnaşmadylar.
XS
SM
MD
LG