Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen döwlet medeniýet instituty


Institut aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Aktýorçylyk sungaty we režissura (hünärler: drama we kino aktýory; estrada we sirk oýunlarynyň artisti; gurjak teatrynyň aktýory; grim; teleradio-gepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe režissurasy; ses režissurasy; kino režissurasy; drama režissurasy; yşyk bilen bezemek; telekinooperatorçylyk; teatr öwreniş we dramaturgiýa).

2. Medeni-dynç alyş çärelerini guramak we ýola goýmak (hünärler: medeni-köpçülik çärelerini guramak; folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak; taryhy ýadygärlikleri rejelemek).

3. Kitaphanaçylyk we muzeýşynaslyk (hünärler: kitaphana işini guramak; muzeý işini guramak; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2011-nji ýylyň 11—29-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy),

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet institutynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

drama we kino aktýory hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen), Türkmen dili we edebiýaty;

teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak, telekinooperatorçylyk, kino režissurasy, gurjak teatrynyň aktýory hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty;

grim hünäri—saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty;

estrada we sirk oýunlarynyň artisti hünäri—saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty;

drama režissurasy, telewideniýe režissurasy hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty;

ses režissurasy hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (akus¬tika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty;

yşyk bilen bezemek hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty;

teatr öwreniş we dramaturgiýa hünäri — saýlanan hünär boýunça ukyby-ny barlamak (ýazmaça), türkmen dili we edebiýaty;

medeni-köpçülik çärelerini guramak hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty;

folklor toparyny guramak we dolandyrmak, milli tans toparyny guramak we dolandyrmak hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, hereket üsti bilen), türkmen dili we edebiýaty;

höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sesi we saz gurallarynyň üsti bilen), türkmen dili we edebiýaty;

taryhy ýädygärlikleri rejelemek hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

kitaphana işini guramak, muzeý işini guramak, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi, ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler.
XS
SM
MD
LG