Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kambojiýa pedofeliýada aýyplanýan ors raýatyny deportasiýa eder


Aleksandr Trofimow Kombojiýanyň sudunyň binasynda. 14.03.2008 ý.
Aleksandr Trofimow Kombojiýanyň sudunyň binasynda. 14.03.2008 ý.
Kambojiýada pidofiliýada aýyplanýan ors raýaty yzyna – Orsýete ugradylar. Bu barada Kambojiýanyň resmileri maglumat berýär.

Interpolyň Kambojiýadaky bölüminiň direktory Keo Wantan ors raýaty Aleksandr Trofimowyň deportasiýa ediljekdigini aýtdy.

Orsýet resmileri Trofimowyň ekstradisiýa edilmegi barada 2009-njy ýyldan bäri tagalla edip gelýärler.

Trofimow iki sany ýetginjek ýaşyna ýetmedik çaga zorluk edenlikde aýyplanýar.

Trofimow Kambojiýada başga bir iş boýunça çagalara zorluk görkezendigi üçin, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol kesilen möhletiň ýarpysyny eýýäm türmede geçirdi.
XS
SM
MD
LG