Penşenbe güni Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary gazak-hytaý serhet ýakasynda 14 sany serhetçiniň we bir tokaý sakçysynyň ölüminde şol ýerdäki serhet postunda gulluk eden esgere garşy jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, rýadowoý Wladislaw Çelah geçen hepde gazak-hytaý serhet ýakasynda öz gullukdaşlaryny we tokaý sakçysyny öldürendigini boýun alypdyr.
Prokuraturanyň resmisi bu ganly waka serhet gullukçylarynyň arasynda ýüze çykan içerki konfliktiň sebäp bolandygyny aýtdy, emma ol bu barada anyk maglumat bermedi.
Geçen hepde şol gürrüňi edilýän serhet postunuň töwereklerinden 14 sany serhetçiniň we bir tokaý sakçysynyň jesedi tapylypdy.