Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro-2012: Orsýetiň Futbol Birleşigi alada bildirýär


Orsýetli futbol janköýerleri Orsýetiň komandasynyň Çehiýa Respublikasynyň komandasyna garşy üstünligine emosiýalar bilen goldaw görkezýär. Wroslaw, 8-nji iýun, 2012.
Orsýetli futbol janköýerleri Orsýetiň komandasynyň Çehiýa Respublikasynyň komandasyna garşy üstünligine emosiýalar bilen goldaw görkezýär. Wroslaw, 8-nji iýun, 2012.
Orsýetiň Futbol Birleşigi orsýetli futbol janköýerlerini Polşada we Ukrainada geçýän Ýewropa çempionatynyň barşynda özlerini medeniýetli alyp barmaklyga çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Futbol Birleşiginiň şeýle beýanat etmegine orsýetli tomaşaçylaryň Polşada bidüzgünçilikleri döredendikleri we jynsparaz çagyryşlar edenlikleri barada peýda bolan maglumatlar sebäp boldy.

Ýewropa Futbol Geňeşi (UEFA) bu gürrüňi edilýän wakalar boýunça eýýäm derňewleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Wideo ýazgylar peýda boldy

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa futbol çempionatynyň ilkinji güni Polşanyň Wroslaw şäherinde Orsýetiň futbol komandasy Çehiýanyň komandasyny 4-1 hasap bilen utdy.

Ýöne bu ýaryşyň yzýany stadionyň zalynda orsýetli futbol janköýerleriniň stadionyň dört sany işgärine garşy hüjüm edip, olary ýençýändiklerini görkezýän wideo ýazgy internetde we habar serişdelerinde peýda boldy.

Bu wakada orsýetli tomaşaçylaryň ýene bir toparynyň milletçilik simwolly baýdaklary göterip, Çehiýanyň komandasyndaky garaýagyz futbolçy Teodor Gebre Selassini kemsidiji jynsparaz şygarlary gygyryşýandyklaryny-da görmek bolýar.

Bu ýüz beren wakalaryň netijesinde Orsýetiň Futbol Birleşigine jerime salynmagynyň mümkindigi aýdylýar. Ýöne synçylar bu wakalar sebäpli Orsýetiň futbol komandasynyň gazanan utuklarynyň azaldylmagyna ýa-da komandanyň ýaryşdan çykarylmagyna garaşmaýarlar.

Aladalar saklanýar

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň maglumatyna görä, Polşanyň Wroslaw şäherinde ýüze çykan şol çaknyşyklarda aýyplanyp, Orsýetiň Içeri işler ministrligi tarapyndan dört sany orsýetli raýat tussag edilipdir.

Bu wakalar bilen baglanyşykly ýekşenbe güni Orsýetiň Futbol Birleşigi resmi beýanat bilen öz futbol janköýerlerine ýüzlendi.

Bu Birleşigiň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanatda “Özüniň syýasy ýa-da beýleki pozisiýalaryny yglan etmek üçin sport arenasyny ulanmaga çalyşýan adamlar üçin tribunalardan orun bolup bilmez” diýlip nygtalýar.

Şeýle hem, bu beýanatda “Biz Polşadaky ähli janköýerlere ýüzlenýäris. Siz öz ýurduňyza wekilçilik edýändigiňizi unutmaň. Özüňize, öz Watanyňyza we öz komandaňyza hormat goýuň” diýlip ýüzlenilipdir.

Hepdäniň sişenbe güni, 12-nji iýunda Orsýetiň komandasy Polşanyň komandasy bilen Warşawada duşuşmaly. Bu soňky wakalaryň fonunda bu iki garşydaş komandanyň janköýerleriniň arasynda çaknyşyklaryň bolmagynyň mümkindigi baradaky aladalar has-da artdy.
XS
SM
MD
LG