Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubäregiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy habar berilýär


Müsüriň howpsuzlyk resmileri ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mubäregiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny habar berýärler.

Ýakynda, 2-nji iýunda Müsüriň sudy ony parahat protestçileriň ölümine dahyllylykda aýyplap, ömürlik türme tussaglygyna hökum edipdi.

Müsüriň howpsuzlyk gullugynyň resmileri şol sud prosesinden soň, Hosni Mubäregiň tizden-tizden öz huşuny ýitirýändigini we onuň häzirki wagt türmäniň içindäki keselhana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Bu wakanyň fonunda ýekşenbe güni Hosni Mubäregiň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi onuň harby keselhana ýa-da hususy keselhana geçirilmegini talap edip, ikilenji gün demonstrasiýa geçirdi.
XS
SM
MD
LG