Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pridnestrowýede general Lebediň heýkeli açyldy


Moldowanyň öz özüni garaşsyz diýip yglan eden Pridnestrowýe regionunda rus generaly Aleksandr Lebediň heýkeli açyldy. General Lebediň heýkeliniň açylyş dabarasy sişenbe güni paýtagt Tiraspolda boldy.

Lebed esasan Pridnestrowýäniň rusça gürläýen ýaşaýjylarynyň arasynda hormata eýe. General Lebed 20 ýyl mundan ozal Pridnestrowýe regiony bilen Moldowa güýçleriniň arasyndaky çaknyşygy duruzypdy.

Orsýet tarapyndan goldanylýan Pridnestrowýe sebiti 1990-njy ýyllaryň başynda özüniň garaşsyzlygyny yglan edipdi. 1992-nji ýylyň iýun aýynyň ortalarynda regionda Moldowanyň ýaragly güýçleri bilen çaknyşyk döredi. Şol wakalarda ýüzlerçe adam heläk boldy.

Pridnestrowýe çaknyşygy ors harbylarynyň goşulmagy bilen togtadylypdy. Şonda ors goşunlaryna general Lebed ýolbaşylyk edipdi.

Lebed 2002-nji ýylda wertolýot heläkçiliginde aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG