Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada goh turuzan zorlamak işi boýunça sud başlandy


Ukrainanyň Nikolaýew şäherinde zorlanyp, soňundan hem ölen bir ýetginjek gyzyň işi boýunça sud işi dowam edýär.

Sişenbe güni sud başlanda sudýa Olýona Seliwanowa diňlenşigiň açyk geçjekdigini mälim etdi. Mundan öň sud diňlenşiginiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda boljakdygy aýdylypdy.

18 ýaşly Oksana Makar keselhana düşenden üç hepde geçen soň ýogalypy. Mundan öň, mart aýynda ony zorlaýarlar, bogýarlar, soňundan hem ýakýarlar.

Bu waka ukrain jemgyýetçiliginde nägilelik döretdi. Ilki başda bu iş boýunça aýyplanyp tussag edilenleriň ikisiniň ene-atasy hökümetde işländikleri üçin, şol iki adam polisiýadan azatlyga goýberlipdi. Bu hem öz gezeginde ilatyň arasynda protestleriň döremegine sebäp boldy.

Gyzy zorlamakda gümän edilýän üç adam tussag edilip, olara degişli aýyplamalar bildirildi. Olaryň birine adam öldürmek synanyşygy boýunça hem günä ýöňkelýär.
XS
SM
MD
LG