Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde müňlerçe adam protest ýörişine çykdy


Orsýetde müňlerçe adam Wladimir Putiniň wezipesinden çekilmegini, şeýle-de ýurduň saýlaw sistemasynyň özgerdilmegini talap edip protest geçirdi.

Polisiýa sişenbe güni geçirilen proteste 10 müň töweregi adamyň gelendigini aýdýar. Demonstrasiýany gurnaýjylaryň öňe sürmegine görä, oňa 20 müňe golaý adam gatnaşypdyr.

Oppozisiýa liderleriniň biri Boris Nemtsow protestiň dowamynda şeýle çykyş etdi:

“Biz ýurdy ömür boýy dolandyrmak we bizi talamak isleýän, zor bilen häkimiýeti eýelän adamdan dynmagy teklip edýäris.”

Protest ýörişlerine oppozisiýanyň öňdebaryjy wekilleriniň gatnaşmagynda bökdençlik döredi. Sebäbi olar 6-njy maýda bolan bidüzgünçilikler bilen baglylykda sişenbe güni sorag edilýär. Şeýle-de duşenbe güni polisiýa aktiwistleriň öýlerini döküpdi.
XS
SM
MD
LG