Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ylym pudagyna degişli permanlara gol çekdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Ylymlar gününe gabatlap, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda ýörite doklad bilen çykyş etdi. Şol gün hem ol Türkmenistanyň ylym pudagyna degişli birnäçe permana gol çekdi.

Hususan-da, prezident G.Berdimuhamedow ýurtda ylmyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak hem-de hem-de täze ylmy proýektleri durmuşa geçirmek maksatlary üçin Ylymlar Akademiýasyna döwletiň hasabyna 10 million dollar pul goýbermekligi karar etdi.

Mundan daşary, ol Türkmenistanyň alymlarynyň we ylmy işgärleriniň alymlyk derejelerine laýyklykda aýlyk haklaryndan daşary goşmaça tölegleriň möçberi baradaky täze karara gol çekdi.

Şeýle hem, prezident G.Berdimuhamedow Ylymlar Akademiýasy üçin niýetlenen tehnoparkyň gurluşygy boýunça Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy bilen gurluşyk kontraktyny baglaşmaga rugsat beriji permana-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG