Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnin şikaýat sudy 9 lukmany aklady we 9 lukmana jeza berdi


Penşenbe güni Bahreýniň şikaýat sudy hökümete garşy protestlere gatnaşanlykda aýyplanýan lukmanlardan dokuzysyny aklap, beýleki dokuzysyny türme tussaglygyna höküm etdi.

Tussaglyga höküm edilen lukmanlardan birine 5 ýyl, ýene birine 3 ýyl, galan ýedi lukmanyň her birine bolsa bir aý bilen bir ýylyň aralygynda türme tussaglygy berildi. Bu protestlerde aýyplanýan ýene iki lukman häzirki wagt gözlegde.

Bu gürrüňi edilýän 20 sany lukman 2011-nji ýylyň martynda Bahreýnde hökümete garşy demonstrasiýalar gurnalanda, Manama şäheriniň “Salmaniýa” medisina merkezinde işleýärdi. Bahreýniň sudy bu lukmanlary şol wakalarda ýaralanan protestçilere bejergi berenlikde günäli tapdy.
XS
SM
MD
LG