Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt diplomlary nähili ykrar edilýär?


Türkmenistanda hereket edýän häzirki düzgüne görä, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi zerur hasaplanýar. Ýöne 2011-njy ýylyň başyndan bäri bu berk düzgüniň belli bir derejede gowşadylandygyny duýmak mümkin.

Häzir Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynda, ýerli hususy pudakda, käbir döwlet edaralarynda, hatda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy edaralarynda hem daşary ýurtda ýokary bilime eýe bolup, alan diplomyny ykrar etdirmezden işläp ýörenler az däl.

Ýöne daşary ýurtda alan diplomyňy ykrar etdirmezden iş tapmagyň çetindigini aýdýanlaram bar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlara ilki bilen alan ýokary bilimlerini ykrar etdirmegiň ugruna çykmagy maslahat berýärin.

Daşary ýurtda bilim alan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bilim institutyna ýüz tutmagy we şol ýerde özüniň daşary ýurtda haýsy okuw jaýyny tamamlandygyny, terjimehalyny beýan etmegi zerur.

Türkmenistanyň Bilim institutynda daşary ýurt diplomlaryny ykrar edýän döwlet topary bar. Ol topar iýul-awgust aýlarynda, has dogrusy, ýaşlar diploma eýe bolup gelýän döwürleri ýüztutmalar esasynda doly güýjünde işleýär. Ýylyň beýleki döwürlerinde bolsa, ol döwlet toparynyň ýüztutmalaryň toplanyşyna laýyklykda iş alyp barýandygyny aýtdylar.

Diplomyňy ykrar etdirmek üçin öz eýe bolan hünäriňe mynasypdygyňy, türkmen dilini we halkymyzyň taryhyny ýokary bilimli ynsanyň derejesinde bilýändigiňi şol döwlet toparynyň öňünde söhbetdeşlik esasynda subut etmek zerur. Gürrüňdeşlikde indi “Ruhnamadan” hiç zat soralmaýar.

Döwlet edarasynda, şeýle hem ýurdumyzyň kanunyna laýyklykda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynda we ýerli hususy firmalarymyzda üç ýyl işlän adamlaryň daşary ýurt diplomlary gürrüňdeşlik geçirmezden ykrar edilýär.

Diplomy ykrar edilen adama Bilim ministriniň goly bilen ýörite ykrarnama berýärler. Ol ykrarnamanyň ýüzünde raýatyň haýsy daşary ýurt okuw jaýyna haçan girendigi, haýsy ýylda tamamlandygy takyk senesi bilen ýazylýar. Şol ykrarnamany alan raýat işe girende, ondan diplomy dälde, ykrarnamasynyň nusgasy diplomyň ýerine kabul edilýär.

Häzirlikçe, daşar ýurtda diňe gündizki bölümde okuwyny tamamlanlara ykrarnama berilýär. Ýöne ýakyn wagtda daşary ýurtda gaýybana okuwyny tamamlanlara hem ykrarnamanyň beriljekdigine umyt edilýär. Emma daşary ýurt ýokary okuw jaýyny gaýybana tamamlap, döwlet edarasynda işläp ýörenlerem az däl.

Türkmenistanda döwletara şertnamanyň bardygyna-ýokdugyna garamazdan, öňki Soýuza girýän respublikalaryň, Ýewropa ýurtlarynyň, mahlasy daşary ýurtda döwlet tabynlygyndaky okuw jaýlaryny tamamlanlaryň diplomlary köplenç kabul edilip, olar ykrarnama almak üçin gürrüňdeşlige goýberilýär. Ýöne käbir hususy ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Diplomy ykrar etdirmek üçin Türkmenistanyň Bilim institutyndaky döwlet toparyna ýüz tutup, söhbetdeşlikden geçip, ykrarnama alanlara öz ugurlaryndan ýaşaýan ýerleri boýunça iş hödürlenýändigini hem ýatlatmak isleýärin. Şol sebäpli daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlara hiç zatdan çekinmän, diplomyny ykrar etdirip, olaryň öz alan ylmy boýunça watana hyzmat etmeklerini arzuwlaýaryn.

Indiki blogumda Türkmenistanda magistratura we aspirantura diplomlarynyň ykrar ediliş düzgünleri barada gürrüň bermekçi...

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG