Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: sud prezidentiň hödürlän resmisine garşy höküm çykardy


Penşenbe güni Pakistanyň mediasy ýurduň sudunyň prezident Asif Ali Zardari tarapyndan premýer-ministrlik wezipesine hödürlenen Mahdum Şahabuddini tussag etmek barada höküm çykarandygyny habar berdi.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni prezident Zardari ony premýer-ministriň wezipesine hödürläpdi.

Medianyň maglumatyna görä, ýurduň sudy Mahdum Şahabuddine Pakistanyň saglyk ministri bolup işlän döwründe bikanun neşe söwdasyna dahylly iş alyp baranlykda aýyplama bildiripdir. Mahdum Şahabuddin soňky wagtlar Pakistanyň tekstil ministri bolup işläp gelýärdi.

Suduň çykaran höküminiň onuň premýer-ministriň wezipesini eýelemegine böwet boljakdygy ýa bolmajakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG